Innowasion bilimiň giň mümkinçilikleri

5 Fewral 2024
384

Ata Watanymyzyň milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän bilim edaralaryny, orta mekdepleri, çagalar baglaryny gurmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan tutumly işleriniň baş maksady bolmagynda galýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen bilim ulgamyny köptaraplaýyn ösdürmek we ony halkara derejä çykarmak babatda amal edilýän işler ylmyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine edýän täsirini ýokarlandyryp, ýaşlarymyzyň bäsdeşlige ukyply ylma eýe bolmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda döwrüň hem ylmyň talaplaryna we zerurlyklaryna laýyklykda, täze ugurly ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, zerur bolan hünärleriň, talyplaryň sanynyň ýylsaýyn artdyrylmagy bilim ulgamynyň binýadynyň berkidilýändigini, şonuň bilen birlikde-de, döwlet durmuşynyň, jemgyýetiň ählitaraplaýyn döwrebaplaşýandygyny we kämilleşýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagynyň mysalynda-da görmek bolýar.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.