Ylym-bilimiň kämilligi – geljek nesliň kämil ösüşiniň binýady

5 Fewral 2024
301

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Sabalarymyzy bagtyýar çagalaryň gülküsi, mährem eneleriň hüwdüsi, ak sakgally gojalaryň pähimi garşy alýar. Täze eýýamda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Berkararlyk eýýamynyň bagtyýar hem-de abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hili günsaýyn ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Gurulýan okuw-terbiýeçilik maksatly binalaryň sany barha artýar. Ençeme mekdeplerdir çagalar baglarynyň durky täzelenip, döwrebap keşbe getirilýär. Şolar bilen bir hatarda, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň, multimedia serişdeleriň, interaktiw usullaryň giňden peýdalanylmagy ýola goýulýar.

Mukaddes ARSLANOWA
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy