Döredijilikde taplanýan zehin (Siziň deň-duşuňyz)

5 Fewral 2024
566

Pähim-parasatly halkymyz çeper söze, kitaba aýratyn gadyr goýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar nesillerimiziň ýankitabyna öwrülen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle pähimli sözler bar: «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir». Bu çuň mazmunly sözlerden ruhlanýan ýaş nesillerimiz okaýarlar, döredýärler, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnur Annamyradowadyr.

Gülnur hem ýaşlygyndan döredijilik dünýäsine içgin aralaşdy. Çeper edebiýatymyzyň meşhur eserleri, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilige ýugrulan ykballary okumyş gyzy biparh goýmady. Elbetde, «Köp okasaň, ýazasyň geler» diýlişi ýaly, Gülnurda hem ýazmak höwesi barha şinelemek, gol ýaýratmak bilen boldy. Muny döredijilik bilen gyzyklanýan gyzyň mekdepde ýazýan düzmelerine ýokary baha beren mugallymy hem derrew aňdy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».