Bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär

4 Fewral 2024
614

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri esasy wezipeleriň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaş nesillerimiziň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň çeşmesi hasaplanylýar. Ýaşlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, ökde hünärmen bolup ýetişmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».