Adatdan daşary akylly oglanjyk

4 Fewral 2024
431

12 ýaşly britaniýaly oglanjyk Chun Ming Leung dünýäniň iň akylly adamlarynyň kluby hasaplanylýan «Mensa» guramasyna kabul edildi.

Ol munuň üçin IQ boýunça giriş synagyny tabşyryp, testiň mümkin bolan 162 utugyndan 160 utuk gazanmagy başardy. 12 ýaşly oglanjygyň IQ test boýunça görkezen netijesi Albert Eýnşteýniň, meşhur astrofizik Stiwen Hawkingiň görkezen netijeleri bilen deňdir.