Döredijilikli zähmet — manyly ömür (oçerk)

6 Fewral 2024
542

Bilim, bilimlilik dogrusynda gürrüň edileninde, ilki bilen, meniň ýadyma Gurbanmuhammet Çaryýew düşýär. Elbetde, «Gurbanmuhammet Çaryýew kimkä?» diýlen sowalyň sizi turuwbaşdan gyzyklandyrjakdygyny bilýärin. Ol 1959-nji ýylyň 25-nji iýunynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda doglan. Dünýä inen günleriniň Gurban aýyna gabat gelendigi üçin oňa şeýle adyň dakylandygy okyjylara düşnükli bolsa gerek. Ynsan ykbalynda her hili ýagdaýlar, hadysalar bolýar. Gurbanmyrat Çaryýewiň ýurduny täzelän wagty-da gurban aýyna gabat gelýär. Gurban aýynda dünýä inip, 61 ýaşynyň içinde gurban aýynda-da dünýäden gaýdan Gurbanmuhammet aga şol iki aralykdaky ömür ýolunyň aglaba bölegini bilim ulgamyna sarp etdi.

Ol adaty obada ýaşaýan adamlaryň maşgalasynda dünýä inen çagady. Onuň kakasy Hojaguly aga üzümçilik bilen meşgullanan daýhan, ejesi Jumagül Çaryýewa bolsa öý hojalykçydy. Olar bir maşgalada dört dogan: Ýazmuhammet, Nurmuhammet, Gurbanmuhammet, Ogulsenem. Gurbanmuhammet çagalygyndan okuwa, kitaba aýratyn höwesekligi bilen ata-enesiniň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Şonuň üçin hem ol orta mekdebi tamamlandan soňra 1976-njy ýylda Mary şäherindäki Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girmäge synanyşýar. Synaglardan üstünlikli geçibem, 1976 — 1979-njy ýyllar aralygynda şol mekdepde okap, başlangyç synplary okatmak boýunça mugallym hünäriniň eýesi bolýar. Okuwy tapawutlanan diplom bilen tamamlandan soňra ol Tagtabazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ýöne goç ýigidiň wezipesi, borjy kän. Şol mukaddes borçlaryň biri hem Watan öňündäki harby gulluk borjy. Şeýdip Gurbanmuhammet şol ýylyň, ýagny 1979-njy ýylyň güýzünde harby gulluga ugraýar. Asuda günleriň, asuda durmuşyň gadyryny öwretjek ykbal onuň harby gulluk nesibesini owgan topragyna çekýär. 1981-nji ýylda harby gulluk borjuny üstünlikli tamamlandan soňra ýene öňküje zähmet ýoluna başlan mekdebinde işläp başlaýar.

Agamyrat MYRADOW,
Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet öýüniň müdiri.