Täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

6 Fewral 2024
649

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, döwrebap bilim edaralary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär» diýip belleýär.

Eziz Diýarymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle hem beýleki maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär.

Maral ANNABERDIÝEWA,
Änew şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.