Belent maksatlar rowaçlanýar

4 Fewral 2024
519

Beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda bilim sözüň doly manysynda, bagtyň çyragyna öwrüldi. Bu çyrag biziň ýolumyza, geljegimize şugla saçýar. Hawa, türkmenistanly ýaşlar okamak, mugallymlar bolsa okatmak bagtyna eýedirler. Aýratyn bellenilmeli ýeri-de, şeýle bagta eýe bolýanlaryň sanynyň, hatarynyň ýylyň-ýylyna artýanlygydyr.

Nabat NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.