Beýik menzillere çagyryş

5 Fewral 2024
476

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyna Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda aýratyn ünsi çekýär. Täze neşirde: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýlip bellenilýär.

Penaguly GAROWOW,
Aşgabat şäherindäki Ata Gowşudow adyndaky 125-nji orta mekdebiň müdiri.