"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim özgertmeleri - kämilligiň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp,

Bilimli ýaşlar — ýurduň kuwwaty

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň berk binýatly bolmagyny şertlendirýän ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, bu ugurda häzirki döwrüň netijeli ýörelgelerinden ugur alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän köpugurly wezipeleriň hatarynda bu ulgamy ösdürmek bilen bagly öňde goýlan maksatlar halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň aýdyň geljegini nazarlaýar. Ministrler Kabinetiniň 2-nji fewralda geçirilen mejlisinde hem ýaş nesliň bilim-başarnyklaryny döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmegi öňde baş maksat edip goýýan bilim konsepsiýalaryndan gelip çykýan wezipelere üns çekilip, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň halkara ylym-bilim gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna ýardam edip, dünýäniň ylym-bilim giňişliginde matematika hem-de informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmekde ýokary okuw mekdepleriniň toplan tejribesini has-da baýlaşdyrar.

Döwrebap usullar esasynda daşary ýurt dillerini öwrenmek

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda sanly ulgam we döwrebap mümkinçilikler giň gerim bilen ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler bilim ulgamyna hem ornaşdyrylyp, täze usullar işlenip düzülýär. Bu usullar bolsa sapak guralanda netijeliligi bilen tapawutlanýar, okuwçylaryň alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil u

Ylym menzillerinde taplanan

Halkyň baý taryhy onuň dilinde, edebiýatynda, medeniýetinde hem sungatynda ýaşaýar. Hut şolar arkaly nesilden-nesle geçýär. Şoňa görä-de, dil halkyň gymmatly hazynasydyr, döwürleriň we nesilleriň arasyndaky köprüdir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli şahyrymyzyň sarpasynyň örän belent tutulýandygyny alamatlandyrmak bilen bir hatarda, şu mizemez hakykata hem döwlet derejesinde üns çekilmegidir. Bu ýyl baý edebi mirasymyzyň ýyly bolşy ýaly, asal dilimiziň hem ýylydyr. Bu gymmatly mirasyň goralyp saklanmagynda, nesillere ýetirilmeginde bolsa dilçi alymlara möhüm orun degişli. Şoňa görä, biz hem söz ussady, söze sarpa goýýan, türkmen filologiýasynda uly işleri eden alym, ençeme kitaplaryň awtory, ussat, halypa mugallym Begmyrat Weýisowyň durmuş hem zähmet ýoly barada söz açmagy makul bildik. Ömür saly segsene ser uran görnükli dilçi alym Begmyrat Weýisow Lebap welaýatynyň Garabekewül şäherinde dogulýar. 1959-njy ýylda etrap gazetinde harp ýygnaýjylykdan başlanan zähmet ýoly ony filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent derejesine ýetirýär. Ol okuwçy wagty ýerli senagat kärhanasynda agaç we tüneke ussasy bolup işleýär. Gündizlerine işläp, agşamky işçi ýaşlar mekdebinde okaýar. Peç, turba, işik-aýna, çagalara sallançak ýasaýar. Kakasy Weýis aga oňa halypalyk edip, u

Halkara olimpiada taýýarlyk

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp Arkadag şäheri bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýär. «Akylly» şäher halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň hem-de olimpiadalaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasyny geçirmek barada aýtdy. Bu hoş habaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelmegi bolsa, biz mugallymlary diýseň begendirdi. Maglumat üçin bellesek, geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Bu ajaýyp şäherde bilim ulgamy boýunça birnäçe desgalar açylyp ulanmaga berildi. Döwrüň talabyna doly laýyk gelýän bilim ojaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy okuw işiniň işjeňligini artdyrýar. Şeýle döwrebap mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň hem-de bu ýerde zähmet çekýän mugallymlaryň ýüzlerinde buýsanç, dillerinde alkyş bar.

Döwrebap okuw-terbiýeçilik toplumy

Geçen ýyl, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdebe çenli bölümi we iňlis diline ýöriteleşdirilen orta mekdep bar. 3 gatly bu mekdebiň giň howlusynda uly we kiçi synplaryň okuwçylary üçin niýetlenen basketbol, woleýbol we futbol meýdançalary döwrebap şertler bilen üpjün edilen. Bu mekdepde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin lingafon we kompýuter otaglary, himiýa, fizika, biologiýa dersleri boýunça tejribe otaglary, gyzjagazlar üçin zähmet dersi boýunça aşhana we tikinçilik otaglary bar. Oglanlaryň zähmet otagy bolsa iň döwrebap gurallar, dürli zähmet enjamlary bilen üpjün edilendir. Binanyň içinde giň sport zaly bolup, ol ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilendir. Mekdepdäki mejlisler zaly bolsa döwrüň talabyna laýyklykda gurlandyr.

Ruhubelent nesiller

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Aslynda, ynsan ömrüniň iň arzyly menzili ýaşlyk ýyllarydyr. Ýaşlyk — ömrüň bahary. Ýaşlygyň dyňzap duran hyjuwyna älem höweslenýär, uly kynçylyklar baş egýär. Elbetde, her bir adam ýaşlyk döwründe ukyp-başarnygyna görä bilim alyp, hünär öwrenip, özüniň durmuşdaky ornuny kesgitleýär. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, jemgyýet bilen köptaraply gatnaşygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly mümkinçilikler bar.

Juwan göwünleriň goşa ganaty

Talyplygymyň ilkinji ýylynda hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ilkinji okyjylarynyň biri bolmak meniň üçin hem, ähli talyp ýoldaşlarym üçin hem juda ýakymly. Käbir kitaplary okap, ikinjisine geçilýär. Käbir kitaplar bolsa bütin ömrüňe ýörelge edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eseri bütin ömrüňe ýörelge edinilýän kitaplaryň hilinden. Kitapdaky: «Taryh nähili ýazylýar?» diýen sowala her kim öz düşünişine görä jogap berer. Aslynda, «taryh ýazmak» diýen düşünjäniň özi dürli-dürli teswirlemelere elter. Muňa garamazdan, goluňy gursagyňa goýup, ykrar edip boljak hemmelere äşgär bir hakykat bar. Eserde bellenilişi ýaly, taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar. Eger taryhy hatar-hatar nesiller ýazýan bolsa, beýik işleri durmuşa geçirmek olaryň mukaddes borjy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize beýik işler bilen taryhy ýazmagyň göreldesini görkezýärler. Täze kitapda şol görelde bir ýere jemlenipdir. Bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary hökmünde biziň borjumyz dürdäne eseriň salgy berýän ak ýollary bilen öňe ynamly gadam urup, şanly taryhy beýik işler bilen bezemekden ybarat.

Kitap — ýakyn syrdaş

Kitap okamak endikleriň iň gowusydyr. Kitap okamagyň lezzetini alan adam her gün okamaga wagt tapýar. Okamak bilen adam öz dünýägaraýşyny giňeldip, dürli medeniýetleri öwrenýär. Okamak düşünjäňi kämilleşdirýär we pikirlenmegiňi çuňlaşdyryp, ýadyňy hem ýiteldýär, özüňe bolan ynamy ýokarlandyryp, has döredijilikli işlemäge ýardam edýär. Angliýanyň Susseks uniwersitetiniň alymlary tarapyndan 2009-njy ýylda geçirilen gözlegleriň netijesine görä, bary-ýogy 6 minutlap kitap okamagyň adamyň nerw dartgynlyk derejesini 68 göterim peseldýändigi anyklandy. Olaryň tassyklamagyna görä, ýöremek nerw dartgynlyk derejesini 42 göterim, bir käse çaý ýa-da kofe içmek, aýdym-saz diňlemek 61 göterim azaldýar. Bu işleriň ählisinden has güýçli dartgynlygy peseldýän okamagyň rahatlandyryjy täsiri, ünsi sowmaga we okyjynyň ünsüni çekmäge mümkinçilik berýär. ABŞ-nyň Ýale uniwersitetiniň alymlary 10 ýylyň dowamynda, 50 ýaşdan uly 3600-den gowrak adamda synag geçirdiler. Barlaglaryň netijesinde her gün azyndan 30 minutlap kitap okaýan adamlaryň 2 ýyl uzak ýaşaýandyklaryny anykladylar. Kitap okamagyň iň oňat peýdalaryndan biri hem, söz baýlygyňy artdyrmagydyr. Kitaplarda ýygy-ýygydan ulanylýan, ýöne gepleşik dilimizde ulanylmaýan sözleri öwrenmek beýleki adamlara täsir etmegiň örän üstünlikli usulydyr. Bu medeniýetli bolmaga we beýleki adamlar bilen aragatnaşygy gowulandyrmaga oňyn täsir edýär. Kitap okam

Synmaz ynam bilen

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzy dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan mekana öwürdi. Taryh üçin örän gysga döwürde asyrlara barabar ösüş-özgerişler amala aşyryldy. Ýetilen abraýly sepgitler bolsa ýeneki ösüşleriň badalgasydyr. Peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu beýik we röwşen ýörelgäni ynam bilen dowam etdirýär. Gazanylanlary berkitmek, ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek üçin has yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmeli. Munuň üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň birleşen tagallalary zerurdyr. Şeýle il-ýurt bähbitli işde ýaşlar uly güýç bolup durýarlar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde aýratyn çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegi bolup, olar öňde goýulýan örän jogapkärli wezipeleriň ýerine ýetirilmegine agzybirlik bilen gatnaşmalydyrlar. Olar şeýle-de ýurduň geljeginiň, halkymyzyň ykbalynyň eýeleri bolmaga taýýar bolmalydyrlar. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp eserinde: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygyryna öwrüljekdigine, olaryň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip bellemek bilen, ýaşlary beýik işlere çagyrýar.

Bilimiň belent basgançagynda

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler barha belent basgançaklara galýar. Bu ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyz ýaş nesle berilýän bilimiň derejesini, hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. ilim ulgamynyň belent ösüşlerinde zehinli ýaşlaryň uly paýy bar. Ýylyň-ýylyna türkmenistanly okuwçylar daşary ýurtlarda taslama, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşýarlar.

Okuw ýygnanyşygy

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň hem-de harby bölümleriniň serkerdeleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçirildi. Onda 2023-nji ýylyň jemi boýunça serhet birikmeleridir harby bölümlerdäki düzgün-nyzamyň ýagdaýyna baha berlip, şahsy düzüm bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini güýçlendirmek, şeýle hem terbiýeçi serkerdeleriň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuny belende götermek, olaryň ahlak kämilligini gazanmak, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp şygryndan ylhamlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň şygarynyň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat işlerini geçirmek, şeýle-de milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolan watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, gahrymançylyk temalaryndaky şygyrlary harby gullukçylaryň arasynda giňden wagyz etmek meselelerine seredildi. Şahsy düzümi çuňňur watansöýüjilik, adamkärçilik, ahlaklylyk ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň möhümdigi bellenildi.

Dil bilmek baýlykdyr

Ýadawsyz yhlasyň rehnedi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle üç dili — türkmen, rus, iňlis dillerini öwretmek bilen bagly öňde goýan wezipesi örän derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, ösüp gelýän nesliň ene dilinden başga-da dilleri bilmegi ýaşlara uly baýlykdyr we geljekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty netijesinde dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlyk rowaçlanýar. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň ençeme ýurtlarda okap, bilim almaklaryna amatlyklary döredýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mugallymçylyk käriniň eýesi bolmak arzuwy Sadap Annamyradowany öz erkine goýmaýar. Ol Ukraina döwletiniň Taras Şewçenko adyndaky uniwersitetini üstünlikli tamamlap, 2012-nji ýylda Garagum etrabyndaky 21-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Ol okuwçylara iňlis dili dersi boýunça sapak berýär. Mugallym okatmagyň täzeçe usullaryndan peýdalanyp, okuwçylara bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýar. Mundan başga-da, ol mekdebiň “Gülälek” gyzlar klubynyň ýolbaşçysy bolup durýar. Ol okuwçy gyzlara el işlerini, nahar taýýarlamagy öwredýär. Mugallymyň okuwçylary ders bäsleşiginde-de, etrapda geçirilýän el işleri bilen baglanyşykly bäsleşiklerde-de ýokary netijeleri gazanmagy başarýarlar. SURATDA: okuwçylar iňlis dili sapagynda.

Ylymly nesil — ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmalydygyny durmuş aýdyň görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyzda bu babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidig

Yhlasly zähmet üstünliklere ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilýär. Bu asylly işe çagalar bagymyzyň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bag ekmek möwsümlerinde çagalar bagymyzyň meýdançasynda täze baglary we gülleri ekip, olaryň sanyny artdyryp durýarys. Tebigat bilen tanyşlyk, onuň gözelligine guwanmak çaganyň içki dünýäsine oňyn täsir edip, ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ösmegini üpjün edýär. Çagalarymyzda tebigata söýgi döretmek, olarda jogapkärli garaýyşlary kemala getirmek tebigat bilen sazlaşykly amala aşyrylanda, has-da oňat netije berýär. Çagalar bilen meýdança gezelenje çykylanda, tebigat gözellikleri, tebigaty söýmek, daşky gurşawy arassa saklamak, baglardyr güllere aýawly garamak baradaky gürrüňler olarda uly gyzyklanma döredýär. Göreldeli bilim edaralaryny ýüze çykarmak, höweslendirmek maksady bilen ýurdumyzda her ýylda «Iň arassa mekdep», «Iň arassa çagalar bagy» hem-de «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep we çagalar bagy» atly bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň çagalar bagymyz hem şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, birnäçe gezek öňdäki orunlara mynasyp boldy. Bu bolsa agzybir işgärlerimizi öňküden-de tijenip işlemäge ruh

Bilimli nesil bagtyýar geljegimizdir

«Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ajaýyp zamanamyzyň ýaş nesilleri hakda uly alada edýär. Olaryň kämil bilim almaklaryny, geljekde hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça öňde goýlan aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin döredilýän amatly şertler bu gün oňat netije berýär. Ýurdumyzda ýaş nesle bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny özgertmek, okatmagyň, bilim bermegiň hem-de hünär öwretmegiň hilini täze derejä çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesini mugallymlaryň gazanýan oňat görkezijilerinden hem görmek bolýar. Bagbanyň ýetişdirýän baglarynyň, gülleriniň çeken zähmetini görkezişi ýaly, okuwçylar mugallymyň ýüzi hasaplanýar. Mekdep okuwçylary hem «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerinde özleriniň bilim derejelerini, zehin-başarnyklaryny görkezýärler. Bu bolsa mugallymlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Ýaş nesiller üçin nusgalyk şertler

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ylym--bilim ulgamynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Biziň — ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagymyz, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegimiz üçin dünýä nusgalyk şertler döredilýär. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylyp, milli bilimiň hemmetaraplaýyn ösmegi üpjün edilýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň hem ýaş nesilleriň dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine, zehinleriniň, ukyp-başarnyklarynyň artmagyna örän oňat ýardam edýändigini aýratyn nygtamak isleýärin. Maňa-da bu bäsleşige taryh dersinden gatnaşyp, geçen okuw ýylynda onuň döwlet tapgyrynda üçünji, üstümizdäki okuw ýylynda bolsa şäher tapgyrynda birinji orunlary eýlemek miýesser etdi. Şeýle ders bäsleşiklerinde has uly üstünlikleri gazanmak häzirki wagtda esasy maksadym bolup durýar. 

Durmuşyň gül-gunçalary

Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Munuň özi çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, zehin-başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ýaş nesiller baradaky aladalaryň oňyn netijeleriniň biridir. Munuň özi çagalaryň dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin serişdeleri geçirmäge mümkinçilik döretdi.

Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biri ylym-bilim öw-renmek, kitap okamak ýaly ugurlardyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu asylly ýörel-geler mynasyp ösdürilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Şonuň üçin hem Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, iň kämil usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň kämil bolup ýetişmekleri, olaryň ylymly-bilimli bolmaklary esasy ugurlaryň biridir. Ylym-bilimi özleşdirmek, ösen tehnologiýalary, kompýuterleri öwrenmek bu günki ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşlerde ýaş hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň aýratyn orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin bilimli ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler, bu babatda öz goşantlaryny hem goşýarlar.