Ylymly nesil — ösüşiň berk binýady

7 Fewral 2024
839

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmalydygyny durmuş aýdyň görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyzda bu babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen ýaş nesli ylymly-bilimli, kämil hünär eýeleri edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň wajypdygyny belledi.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.