Juwan göwünleriň goşa ganaty

7 Fewral 2024
708

Talyplygymyň ilkinji ýylynda hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ilkinji okyjylarynyň biri bolmak meniň üçin hem, ähli talyp ýoldaşlarym üçin hem juda ýakymly. Käbir kitaplary okap, ikinjisine geçilýär. Käbir kitaplar bolsa bütin ömrüňe ýörelge edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eseri bütin ömrüňe ýörelge edinilýän kitaplaryň hilinden.

Kitapdaky: «Taryh nähili ýazylýar?» diýen sowala her kim öz düşünişine görä jogap berer. Aslynda, «taryh ýazmak» diýen düşünjäniň özi dürli-dürli teswirlemelere elter. Muňa garamazdan, goluňy gursagyňa goýup, ykrar edip boljak hemmelere äşgär bir hakykat bar. Eserde bellenilişi ýaly, taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar. Eger taryhy hatar-hatar nesiller ýazýan bolsa, beýik işleri durmuşa geçirmek olaryň mukaddes borjy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize beýik işler bilen taryhy ýazmagyň göreldesini görkezýärler. Täze kitapda şol görelde bir ýere jemlenipdir. Bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary hökmünde biziň borjumyz dürdäne eseriň salgy berýän ak ýollary bilen öňe ynamly gadam urup, şanly taryhy beýik işler bilen bezemekden ybarat.

Aknur BAHTYÝAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.