"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Malaýziýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi

Dostanalyk aslyýetinde agzybirlikdir abadançylyk ýaly ýagşy duýgulardan gözbaş alyp, halklary umumy bir bähbide gönükdirýär. Oňa biz 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda iki ýurduň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, sol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlary, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeginde nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy dekabrda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi we bu ýerde awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynda bolup, onuň töwereginde döredilen ugurdaş desgalaryň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe binalaryň döredilendigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdyp, Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek hem-de ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat beripdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy

Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Göwnaçyklyk, myhmansöýerlik, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, geçirimlilik we ähli halklar bilen ylalaşykly ýaşamak türkmenlere mahsus bolan häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz her bir meseläni paýhas bilen çözüpdirler, öz perzentlerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Bu bolsa halklaryň arasyndaky özara ynamy, ylalaşygy has-da berkidipdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary nusgalyk derejede alyp barýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Aslynda adamzat döräli bäri ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolupdyr.

Keremli sözüň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik taglymatyndan söz açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy-medeni hem-de ruhy mirasyndan söz açýan ajaýyp eser bolup, ýaş nesillerimizi terbiýelemekde, olaryň aň-bilimini kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Çünki hakyda halkyň şöhratly geçmişiniň, aýdyň geljeginiň binýadydyr.

Yhlasa — myrat

Asuda, abadan ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň öňde durýan möhüm wezipeleriniň biri-de, olaryň arasynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek bolup durýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde ýakynda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň guramagynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda sportuň uşu görnüşi boýunça geçirilen açyk çempionatyny belläp geçmek bolar. Ýaryşyň netijesi boýunça TGM-niň Harby-deňiz institutynyň bedenterbiýe we sport kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Sähetmyrat Ýagşymedowyň taýýarlan türgeni, deňizçi harby talyp Amanmyrat Gökow 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňiji bolan deňizçi harby talybymyza Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň adyndan Hormat haty we medal gowşuryldy.

Harby türgenleriň üstünligi

Ýakynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda 2024-nji ýylyň jemine bagyşlanyp, ýetginjekleriň we uly ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda uzak aralyga ylgamak boýunça Türkmenistanyň jemleýji bäsleşigi geçirildi. Oňa tälimçiler — podpolkownik Arslan Berdimämmedowyň we Maksatmyrat Ekberdiýewiň taýýarlaýan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçy türgenleri hem işjeň gatnaşyp, guwandyryjy netijeleri gazanmagy başardylar. Geçirilen bäsleşikde 8 müň metr aralyga ylgamak görnüşi boýunça harby talyp Ýazmuhammet Hudaýberdiýew baýrakly 2-nji, 10 müň metr aralyga ylgamak görnüşinde harby talyp Döwletgeldi Baýramow we borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Serdar Saparow degişlilikde 2-nji we 3-nji orna eýe bolmagy başardylar.

Netijeler seljerildi

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň medeniýet öýünde 2024-nji okuw ýylynda terbiýeçilik ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek hem-de 2025-nji okuw ýylynda esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda harby tertip-düzgünini berk berjaý etmek, şahsy düzüm bilen geçirilýän gumanitar taýýarlyk dersinden okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, terbiýeçilik agşamlaryny, medeni-dynç alyş çärelerini gyzykly geçirmek, harby gullukçylaryň arasynda jebisligi, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak maksady bilen, okuw-usulyýet ýygny guraldy. Bu ýygynda 2024-nji okuw ýylynyň dowamynda geçirilen işlere işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdeler, maýorlar Azat Hydyrow, Azat Berdiýew, kapitanlar Aman Jumaýew, Bektemir Öwezow dagy harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlaryna we ýörite sowgatlara mynasyp boldular. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Şowly netijeler

Golaýda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden onlaýn bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň harby talyplary baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Olardan Atajan Momatow, Şöhrat Durdynazarow, Yhlas Şirmetow 1-nji, Hydyr Altyýew 2-nji, Bahramjan Begenjow bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de institutymyz toparlaýyn jemlemede iň ýokary netije gazanmagy başardy. Bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen harby talyplaryň ukyp-başarnyklaryna laýyklykda gulluk borçlaryny berjaý etmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Ykdysadyýetimiziň berk binýady

Halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmak babatynda durmuşa geçirilýän asylly işler öz netijesini yzygiderli berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barlan işler has-da täze üstünliklere beslendi. Şeýle ähmiýetli işleriň özeninde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durandygyny agzamak mümkin. Bu resminama, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak durnukly ösüşi üpjün etmek bilen birlikde, halkara derejesinde özboluşly hem-de milli önümçilik kuwwatymyzy äşgär edýär. Bu ugruň hukuk binýady hem has-da pugtalandyrylyp, degişli ugruň tapgyrlaýyn ösüşi kemala gelýär. Täze taryhy döwürde ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargamak, dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, islendik kitaby okamak, welaýatara gatnaýan ulaglaryň dürli görnüşlerine petek almak ýaly sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşymyza oňaýly täsirini ýetirýär.

Ösüşiň ak ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ykdysady düzümleriň özgerdilmegi, harytlaryň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy, maýa goýumlaryň ösdürilmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň esasy görkezijileri, daşary söwda dolanyşygy has-da artýar. Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmekde, ýurduň pul-karz syýasatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda, şol sanda pudaklaryň strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynda bellenilen wezipeler milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmekde, elektron senagatyny döretmekde, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Bu ugurda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy aýratyn ähmiýete eýedir. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň girizilmegi onuň hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin emeli aňyň, daş aralykdan hyzmat etmek üçin niýetlenen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Menzilara bank», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin

Şanly ýylyň şanyna

Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýatdan çykmajak wakalara, şatlykly pursatlara baý ýyllaryň biri boldy. Akyldar şahyryň döredijiligi ýurdumyzda we daşary döwletlerde giňden wagyz edilip, Magtymguly atamyzyň belent ruhda ýaňlanýan şygyrlary dost-doganlyk, ynsanperwerlik, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň ýol açdy. Şeýle belent üstünliklerden ruhlanyp, bosagamyzda duran täze, 2025-nji ýyl Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde uly goldaw tapýandygyny görkezip, halkara abraýynyň dünýä içre dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Nesip bolsa, 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy hem giňden bellenilip geçiler. Şanly ýylymyzyň şeýle taryhy wakalaryndan ruhlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen dabarada üstümizdäki ýylyň dowamynda ýokary harby okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, serkerdeleriniň, harby gullukçylarynyň hem-de harby talypla

Türkmen tebigaty — gözelligiň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamalary işjeň hereket edýär. Şolaryň esasynda Diýarymyzda daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň tebigatynyň köpdürlüligi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Öwrüm-öwrüm dag ýodalaryndan ýöreseň, her öwrümde dereleriň, dag ýapgytlarynyň, dag çemenlikleriniň, dury suwly derýalaryň, şarlawuklaryň gaýtalanmajak gözelligine duş gelmek bolýar. Hazar deňziniň türkmen kenary-da diňe bir baýlyklary däl, eýsem, ekologiýa taýdan arassa deňiz suwy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen hem meşhurdyr.

Watana söýgi — iň beýik duýgy

Häzirki döwürde çagyryş boýunça harby gulluga täze kabul edilen ýurdumyzyň raýatlaryny gullugymyzyň düzümlerinde garşylamak dabaralary hem giň gerime eýe bolýar. Oňa tejribeli serkerdeler gatnaşýarlar we ýaş esgerlere Watan goragynda üstünlikleri, sag-aman mähriban ojaklaryna gowuşmaklaryny arzuwlaýarlar. Harby gullugyň ýaňy bosagasyndan ätlän ýigitleri mynasyp garşylamak, olar bilen harby durmuş barada tanyşlyk, harby bölümiň geçen şöhratly ýoluny gürrüň bermek we beýleki geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli çäreler ýurt goragçylarymyzyň watançylyk duýgularyny has-da artdyrýar. Şol maksat esasynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowanyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Watandyr ýigitler, başymyzyň täji!» atly wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çagyryş boýunça harby gullukçylara ýurt goragynyň mukaddesligi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, harby gullukçylar üçin okamaga, öwrenmäge, eziz Diýarymyza wepaly gulluk etmäge döredip berýän mümkinçilikleri, her bir ýigidiň durmuşynda harby gullugyň tutýan orny barada berlen gürrüňler ýaş esgerlerde uly täsir galdyrdy.

Ezber türgenler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslendi. Has takygy, ýaňy-ýakynda Hanmudo söweş federasiýasynyň guramagynda sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky we el söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu çekeleşikli geçen bäsleşige TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Institutymyzyň harby talyplaryna, şol sanda ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Berjaý edilmeli düzgünler

Mähriban ildeşler! Durmuşymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny kepillendirmek hem-de ýaşaýyş-edara jaýlarynda ulanylýan gaz bilen işleýän enjamlarynyň gurnalyşy, ulanylyşy we beýleki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişi barada, şulary ýatladyp, maslahat bilen ýüzlenmegi makul bildik. Ýaşaýyş-edara jaýlarynda gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde otagyň howasyny çalyşmak üçin ýörite açylýan gözi bolup, gaz enjamynyň ýokarky böleginde bolsa howa çekiji saýawan oturdylmaly. Gaz enjamyny ulanýan raýatlar, bu enjamyň howruny çykarýan hem-de howa çalyşýan ulgamynyň tehniki taýdan saz işlemegine gözegçilik edip, öz wagtynda ýag siňmelerden we gurumlardan arassalap durmaly. Gaz bilen işleýän enjamy işe girizmezden öň hem-de onuň işleýän wagty saýawanyň howa çekijilik ukybyny barlamaga, gaz bilen işleýän enjamy ulanmazdan öň, onuň ojaklarynyň ýanyjylyk ukybynyň sazdygyna seretmäge, tüsse çykarýan abzallarynyň gurumlaryny öz wagtynda arassalamaga, enjam ulanylandan soň, gaz akdyryjynyň nurbatyny ýapmaga, gazyň ysy duýulanda gazlaşmadyk ýerden Gaz hojalyk gullugyna telefon arkaly 04 belgä habar bermäge, elektrik togunyň akymyny öçürmäge, açyk oduň hem-de uçgun berijileriň ulanylmagyny doly gadagan etmäge borçludyrlar.

Parahatçylygyň ygtybarly daýanjy

Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we harby talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylygyň ygtybarly daýanjy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem-de türkmen halkynyň taryhyny, milli we ruhy gymmatlyklaryny beýgeltmekde amala aşyrylýan asylly işler, döwletara dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada täsirli çykyşlar edildi. Ejegül ESENOWA, maýor.

Deňizçi harby talyplaryň üstünlikleri

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramaklarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda fizika dersi boýunça IV Halkara internet olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Bu olimpiada-da TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary hem üstünlikli çykyş edip, olardan Allaýar Serdarow, Dawut Nuryýew, Kerim Akmyradow, Amanýaz Begjanow we Daýanç Hangeldiýew dagy diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Kime näme sowgat bermek isleýärsiňiz?!

Baýramçylyk mynasybetli hemmelere lezzet paýlaýan sowgatlary taýýarlamak örän gyzykly we hysyrdyly meseledir. Hakykatdan-da, her kim öz isleýän zadyny sowgat almak isleýär. Ýöne ol islegleri öňünden nädip bilmeli. Ine, biziň bu çaklaňja ýazgymyz hut şol barada. Ata-eneler üçin sowgat. Biziň, ilkinji nobatda, iň mähriban ynsanlarymyz bolan ata-enemiz üçin sowgat saýlamagymyz gerek. Olaryň näme isleýändigini ýa-da olara näme gerekdigini gündelik durmuşdaky gürrüňler arkaly hem öwrenip bilýäris. Emma ene-atalarymyz bu barada söz açmaýan bolsa, onda biz pikirlenip, sowgat saýlamaly bolarys. Köpleriň pikirine görä, ejeler üçin iň ýakymly Täze ýyl sowgady galyň hem ýyly egne atylýan ýaglyk, maşgala suraty basylan jäç bulgur ýa-da fotoalbom, olara bagyşlanyp aýdylan aýdymlar, çagalarynyň öz elleri bilen çeken maşgala suratlary, gutlaglar bolup biler. Kakalarymyza öýüň ulusy, maşgalanyň başy hökmünde gymmat hem görnükli sagat, owadan boýunbag, iş stolunyň üstünde goýar ýaly bezeg heýkellerini saýlap bileris. Eger olarda balyk tutmaga höwes bar bolsa, onda täze tordur garmaklar, şaşka, küşt, düzzüm oýnaýan bolsa oýun esbaplary, kitaphon bolsa öz döwürdeş ýazyjylarymyzyň ýadygärlik ýazgysy ýazylan islendik bir kitaby, taryhy kinofilmleriň toplumyny sowgat bermek täsirli bolar.

Bosagadaky ýylyň öňüsyrasyndaky oýlar

Tamamlanyp barýan ýyl çuňňur paýhasyň hem almaz akylyň önüminiň ömürboýy öwrenijileri özüne çekýändigini öwretdi. * * *