Längston Hýuzly ýatlama
«Arzuw ediň! Arzuwlaryňyz üçin hereketem ediň! Yhlasy sizden, wysaly ykbaldan bolsun!» Bu bize atamyň wesýeti. Ol hemişe amala aşyrylýan beýik işleriň başlangyjy bolan arzuwlaryň hasyl bolmak üçin döreýändigi dogrusynda gürrüň bererdi. Şeýle gürrüňlerden gulagym ganansoň, arzuw hakyndaky eserleriň hyrydarydym. Bir günem amerikaly meşhur şahyr, kyssaçy hem dramaturg Längston Hýuzyň «Arzuwlar» («Dreams») we «Wysalsyz arzuw» («Dream deferred») atly şygyrlaryna gabat geldim. Hýuz, hakyt, atamyň aýdanlaryny diňläp, sözme-söz şygra geçiren ýalydy. Tüýs hazynaly hum tapan ýaly begendim. Goşgulary arzyly arzuwlary wysalsyz goýmazlygy ündeýän atama okap beresim, onuň aýdanlaryna aňryýany bilen düşünýändigimi subut edesim geldi. Şeýdibem, goşgyny başardygymdan türkmençä terjime etdim. Onda şeýle diýilýärdi: Wysalsyz arzuw