Türkmen halky dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan milletdir. Şöhratly geçmişimizdäki beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şan getirip, milletimiziň dünýä halklarynyň arasyndaky mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler. Berkarar döwletiň arzuwynda ýaşan Magtymguly Pyragy ynsan mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl-paýhasyny, döredijilik kämilligini sarp eden parasatly akyldardyr. Pyragynyň baý döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat bähbitlerini goldaýan, ynsan mertebesini beýgeltmäge gönükdirilen, wagtyň synagyndan geçip, geljegi nazarlaýan pikirleri bilen örän uly ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň türkmen halkynyň milli mirasyny, geçmiş taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolşy ýaly, bu eserlerde Magtymgulynyň döredijiligine, ylmy mirasyna hem uly orun berilýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ündän ýörelgeleri türkmen jemgyýetinde hemişe-de berjaý edilipdir» diýip bellemek bilen, türkmen halkyna mahsus bolan haýyr-sahawatlylygyň, birek-birege hormat goýmak, sylamak ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň şahyryň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýändigini we şeýle asylly ýörelgeleriň halkymyzyň edep-kadalaryna öwrülendigini belleýär.