Yhlasa — myrat

1 gün öň
41

Asuda, abadan ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň öňde durýan möhüm wezipeleriniň biri-de, olaryň arasynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek bolup durýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde ýakynda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň guramagynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda sportuň uşu görnüşi boýunça geçirilen açyk çempionatyny belläp geçmek bolar.

Ýaryşyň netijesi boýunça TGM-niň Harby-deňiz institutynyň bedenterbiýe we sport kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Sähetmyrat Ýagşymedowyň taýýarlan türgeni, deňizçi harby talyp Amanmyrat Gökow 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňiji bolan deňizçi harby talybymyza Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň adyndan Hormat haty we medal gowşuryldy.

Röwşen ORAZGELDIÝEW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby.