"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry) Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Pyragynyň paýhasy — parahatlyk baýdagy

Ine-de, dünýäde ynsana täsir ediji iň uly güýjüň söze degişlidigini subut edýän ýene-de bir hakykat. Ylahy ylhamyň güýjünden şygra öwrülip, ýürekden ýürege ugran sözler, gör, neneňsi beýik işleri bitirmäge ukyply! 300 ýyl mundan ozal türkmeniň akyldar oglunyň welilik ukyby bilen dörän şygyrlar, bu gün parahatçylygyň ilçisi bolan ak kepderi mysaly ýurtdan-ýurda, sebitden-sebite aýlanýar. Her setirinde agzybirligi, parahatlygy, merdanalygy, ar-namysy, çäksiz wepany, ynsanperwerligi wagyz edýän ol dürdäne şygyrlar bu gün uly dünýä üçin örän wajyp, diýseň ähmiýetli. Türkmeniň nusgawy şahyrynyň kalp sözleri bu gün abraýly halkara guramalaryň belent münberinden ýaňlanýar. Özi-de jaý ýerinde, tüýs wagtynda ýaňlanýar. Şahyr üçin şygrynyň ähli adamzada derkarlygyndan uly bagt bolup bilermi?! Şygyrlary bilen şeýle bagta ýeten şahyra özüniň çyn şahyrlyk borjuny berjaý eden şahyr diýilýändir. Diýmek, Magtymguly Pyragy — eýýamlaryň, zamanlaryň iň bagtyýar şahyry! Çünki onuň ylahy şygyrlary öz mukaddes wezipesini abraý bilen ýerine ýetirip, dosty-dosta duşurýar, hemmeleri agzybirlige çagyrýar, kineleri bagyşlamagy ündeýär. Ýer ýüzüniň ähli halklaryny birleşdirýän parahat durmuş hakyndaky arzuw bu gün Pyragynyň setirleri bilen teswirlenýär. Mundan aňyrda niçik many, mundan ýokarda niçik dereje bolup biler?! «Halklar bir jebis maşgala...»

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Mongoliýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, meşhur alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar gatnaşdylar. Halkara foruma gatnaşyjylar:

Dünýä medeniýetiniň mukaddes ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe naýbaşy gymmatlyklary özünde jemleýän taryhy we medeni ýadygärliklerimiz hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkidurmuş adamzat jemgyýetinden galan yzlar — daşdan we demirden ýasalan zähmet gurallary, irki ekerançylyk we şäher merkezleri, köp sanly ýazuw we arheologik çeşmeler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň taryhy ýoluny beýan edýän, çeper aň kämilligi bilen ölçenilýän gymmatly ýadygärliklerdir. Şular dogrusynda oýlananyňda adamzat medeniýetiniň iň gadymy ojagy — Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Horezm-Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly ösen siwilizasiýaly şäherler göz öňüňe gelýär. Meşhur akademik W.M.Massonyň ýurdumyzda geçiren gazuw-barlag işleriniň netijesinde ençeme gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Aw awlamagyň, hasyl ýygnamagyň, iki tigirli arabalaryň, atly-ýaragly gerçekleriň gaýa ýüzündäki şekilleri — gadymy sungat eserleri adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegini düzýär. Ussat alym tarapyndan edilen açyşlaryň subut edişi ýaly, adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäli, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli gadymy tür

Gadymy Änew — müdimi Änew

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, Änew şäheri türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän, milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. Geçen asyryň başlarynda Änewiň depelerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki görnükli alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu hakynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinde hem giňişleýin gürrüň berilýär. Mälim bolşy ýaly, 16-njy oktýabrda Änew şäherindäki milli «Ak bugdaý» muzeýiniň binasynda geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem meşhur arheologlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, şeýle-de onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, Türkmenistanyň ýadygärlikle

Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylary

Watan bize Hakyň peşgeşi, ata-babalarymyzyň miras goýan mukaddes topragy. Şonuň üçin Watan bahasyna ýetip bolmaýan baýlykdyr. Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda aýdylyşy ýaly: «Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri aý-ýyllara özboluşly öwüşgin berip, taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Bu ösüş-özgerişler ähli ulgamlar, ugurlar bilen bir hatarda milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem kämil binýadyny kemala getirýär. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy esasynda ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar.

Ýolumyza şamçyrag

Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan, geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz mirasdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp eserleri gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar, bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz, aýdyň geljegimiz barada gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda güneşli Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň üsti bilen Garaşsyzlygymyzyň waspyny harby gullukçylarymyzyň, esasan, ýaş esgerlerimiziň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky podpolkownik Yhlasmyrat Annaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň birinji derejeli kitaphanaçylary Kiçikgül Goşaýewa, Dürnabat Baýlakowa, etrapdaky 33-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Batyr Mämmetmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Ogultäç Gurtgeldiýewa hem-de TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Amangül Atabaýewa dagynyň gatnaşmaklarynda, şeýle hem kapitan Serdar Annamyradowyň serkerdelik edýän

Milli fitoterapiýanyň ylmy beýany

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa ornaşdyrylýan ähli özgertmeler halkymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň on altynjy jildi hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine uly sowgat boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilip, bu düýpli ylmy işiň XVI jildiniň neşir edilmeginiň diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl-de, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp sowgatdygy bellenildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilen bu ylmy işiň lukmanlaryň güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini peýdalanyp, näsaglary bejermek, keselleriň öňüni almak, şeýle-de asyrdan-asyra geçip gelýän ata-babalarymyzyň baý lukmançylyk mirasy bilen gyzyklanmasyny dowam etdirmäge giň mümkinçilik berýändigini bellediler.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylýan wagtynda demir ýol ulgamynyň hünärmenlerine hem uly talaplar bildirilýär. Şol talaplar olaryň işiniň dürli ugurlaryny — hojalygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazary öwrenmegiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemek we häzirki zaman wagonlaryny netijeli peýdalanmak, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň we howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, işgärler üçin iş şertlerini döretmek ýaly ugurlary gurşap alýar. Türkmenistan halkara ýollarynyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, üstaşyr gatnawlary amala aşyrmaga uly mümkinçiligi bolan döwlet hökmünde ulag pudagynda ençeme iri taslamalary durmuşa geçirmegi teklip edýär. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýurt goragy — belent mertebe

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky podpolkownik Hemra Baýramowyň serkerdelik edýän harby bölüminde şahsy düzüm bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek, olarda watançylyk terbiýesini has-da ösdürmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda harby kasama wepaly bolup, Watanyň duzuny haklap, ony gözüň göreji deýin goramak barada täsirli gürrüňler edildi. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy we onda görkezilen wideoýazgylar harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Nury ATAGELDIÝEW,maýor.

Okuw möwsümi tamamlandy

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümleriniň okuw merkezlerinde okuw möwsümi üstünlikli tamamlandy. Öz hünärine ezber serkerdelerdir halypalar tarapyndan degişli ugurlar boýunça dost-doganlyk serhetlerimizde gulluk alyp barmagyň düzgünlerini ele alan ýaş esgerler gulluklaryny mundan beýläk degişli bölümçelerde we serhet galalarynda alyp bararlar. Amanmyrat HOJATEKÄÝEW, maýor.

Kitaplar dünýäsine syýahat

Akyldarlar: «Kitaba ynan, ol siziň iň ýakynyňyzdyr. Olar sessizdirler, emma haçan gerek bolan wagty olar size aýdyň hem düşnükli dilde gürrüň bererler. Gerek bolsa öňüňizde dünýäni hem açyp bererler» diýip belleýärler. Ynsan, jemgyýet, halk, döwlet hut kitap arkaly ösýär, täzeçe röwşe eýe bolýar, özgerýär. Kitap ynsany terbiýeleýär, durmuşa taýýarlaýar. Ol adamzadyň döreden iň uly mirasy. Şol sebäpli hem jemagat kitaphanalarynyň halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetine ýetirýän täsiri bahasyzdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kapitan Tahyr Berdimyradowyň serkerdelik edýän diwizionynyň şahsy düzümi bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guraldy. Gezelençde harby gullukçylara kitaphananyň baş kitaphanaçysy Gülşirin Hydyrowa ol ýerdäki maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdyrdy, şeýle-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa hem gatnaşyp, ol hem harby gullukçylarymyza: «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr» diýip, kitap okamaga görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny we pähim-paýhas ündewlerini harby gullukçylarymyza ýetirdi.

Halkara merkezler halkyň hyzmatynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde öňde goýlan wezipeler, ýagny ilatyň saglygyny goramak ugrunda iş alyp barýan saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde belent sepgitlere ýetildi. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri, ilkinji nobatda, adamlaryň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, saglygy goraýyş ulgamyny döwletiň we jemgyýetiň ösüşine laýyklykda ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin ilata hödürlenýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak işlerini has-da öňe ilerletmek, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek, ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan barlaglary geçirmek wajyp bolup durýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň merkezinde gurlup ulanylmaga berlen 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ylmyň iň soňky gazanan döwrebap lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Bu merkez dolandyryş ulgamyn

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşli menzilleri

Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ählisinde ornaşdyrylýan döwrebap enjamlar bu maksatlara hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boý

Bäş ýyl mundan ozal

Ynsanlaryň ykbalyny özgerişlere besläp, sentýabr hem tamamlandy. Eýýäm oktýabr aýy-da ilkinji onlugyny tegeledi. Ýa-ha göwnüne, ýa-da çyndanam onuň aýlar içre arzyly aýy sentýabr, beýleki aýlardan has çalt geçýär. Her ýylyň sentýabrynda täze başlangyç bilen ýüzbe-ýüz bolýany üçin şeýlemikä ýa?! Buýr-bulaşyk pikirlerden saplanmadyk seri ony bu ýylky arzyly aýynda başdan geçirenleriniň iň täsirlisine syýahata alyp gitdi. Bäş ýyl mundan öňki ahwalat ýene-de täzeden gaýtalandy...

Ýeňiji ýigit

Oglanjyk agşamaralar eşegini dikgirdedip, obanyň bir çetinden girdi. Gaňňasynyň üstünde ot, onuň üstünde bolsa oglanjyk aýagyny sallabyrak ertirki boljak bäsleşik hakynda pikir ýüwürdýärdi. Eşegiň bolsa piňine-de däl. Aslynda-da, jandarlaryň içinde iň äwmezegi hut şu eşek bolsa gerek. Reňki-de gara bolansoň, eşeginiň diňe gözleri ýyldyraýar diýäýmeseň gije-de saýgarjak gümanyň ýok ony. Sygyrlaryny bakyp gelensoň, ýene-de ot ýygmaga gidýän oglanjygyň özi. Çepiksizje gollary bilen ýygan otlaryny eşegiň üstüne ataram welin, hälki gara eşegiň garaňkyda diňe gözi bilen çybyndan goranýan guýrugy görner. Didäňe iläýjek başga zada gözüň düşäýmez. Birem üstündäki oglanjygyň käte bir labyzly goşgy okaýmasy bar. Gök gözlüje, dogabitdi aýagyny agsaklabrak alýan oglanjygyň çagalygy şeýde-şeýde geçip dur. Bu günem ol hemişeki endigine görä, agaçdan ýasalan paýapylyň üstünden geçip barýardy. Bol suwly ene ýap akyp ýatyr. Gara eşek jikgerip, serede-serede geçdi kiçiräk köprüden. Ýaňy birki ädim ädenem şoldy welin, balyklaryň biri suw ýüzüne çykagetdin ýene yzyna çümdi. Onuň sesine gara eşek ürkdi-de, guýrugynam ýygnagetdin berdi ýazzyny öýe bakan. Ýadawlykdan irkiljiräp gelýän oglanjyk äm-sämlenip, nämäň nämedigine düşünip ýetişmänkä, arkanlygyna sypyryldy. Üstesine-de gaňňanyň üzeňňisine aýagy çolaşan oglanjygy, gara eşek on-on iki ädim dagy süýredi. Şeýdibem, eýesini taşlady ötägitdi. Oglan

Kämilligiň başlangyjy

Ýandepderçäme jaýdar pikirleri bellemek endigim. Ine, pikirlerimi çugdamlamaga itergi beren sözleriň biri hem, Jorj Herbertiň: «Garaşmaň, dogry wagt asla gelmez! Şu pursatdan başlaň! Eliňizdäki ähli mümkinçilikleri peýdalanyň! Öňe ilerledigiňizçe has gowy mümkinçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz...» diýen jümlesidir. Jümläni okap, Jorj Herbert häzirki döwrüň adamsydyr diýip pikir etmegiňiz mümkin. Emma ol XIV asyryň aýaklarynda XV asyryň başlarynda ýaşap geçen iňlis şahyry, oratory we din alymydyr. Herbert ömrüniň gysga bolandygyna garamazdan, iňlis halkynyň söýgüsine mynasyp bolupdyr. Ol dürli meselelerde özüne mahsus garaýyşlary bilen halka ýol görkezipdir. Jorj köpçüligiň öňünde ilkinji gezek öz okan ýokary okuw mekdebinde çykyş edýär. Şol çykyş hem döwrüň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekipdir. Şol günden soň, ol syýasy meýdançada yzygiderli çykyş edýär, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde işe başlaýar. Jorj başda syýasatda tanalsa hem, az wagtdan bu işlerden uzaklaşyp, dini wekiliýetiň agzasy bolýar. Bu ýagdaý onuň iňlis halky tarapyndan has giňden tanalmagyna getiripdir. Herbert iňlis, latyn we grek dillerinde goşgy hem ýazypdyr. Onuň goşgularynyň bogunlary uzynly-gysgaly bolsa-da sazlaşygy, owazy taýdan adamlara örän güýçli täsir edipdir. Şygyrlary bilen birlikde, onuň çykyşlary hem iňlis halkynda güýçli täsir galdyrypdyr. Bu üýtgeşik şahyryň goşgularynyň birnäçesi aýdyma h

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry) Hormatly Wladimir Wladimirowiç,Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 3-nji oktýabry) Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!

Sanly tehnologiýalaryň şäheri

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyza şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.