Şäherler içinde bir şäher gördüm
Binýady söýgüden tutulan her bir zadyň ösüşi-de, özgerişi-de başgaça bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasy bilen düýbi tutulyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde bina bolan Arkadag şäheri-de, hut şeýle bagta eýe şäher. Milli Liderimiziň bu şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyrýan yzygiderli iş saparlary özüniň ýokary netijeliligini görkezip, onda gaýnap-joşýan durmuşyň has-da gözelleşmegine öz täsirini ýetirýär. 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Permana gol çekmegi «akylly» şäheriň täze taryhyna aýratyn möhüm waka bolup ýazyldy. Bu resminama laýyklykda, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy we Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Arkadag şäheriniň häkimligine tabşyryldy.