"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaş watançylara ajaýyp sowgat

Ýaş Watan goragçysy hökmünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annayew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berlendigi üçin buýsanjymyzyň çägi ýok. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabara bilen bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde biz — ýaş watançylara ajaýyp sowgat boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesiller bilen birlikde harby okuwçylaryň okamagy, öwrenmegi, dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryndan kämil baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda harby mekdebimiziň döwrebap binalar toplumynda täze okuw ýylyna başlamak Watana bolan beýik söýgümizi has-da artdyrdy. Biz — harby okuwçylar ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän bilim ojagynda okap, başlangyç harby hünäre eýe bolýandygymyz üçin diýseň buýsanýanys.

Watanperwerlik mekdebiniň dowamaty

Sahawatly güýz. 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän güni her birimiziň kalbymyzy süýji duýgulara, nurana umytlara, ajaýyp arzuwlara hem ýakymly ýatlamalara besledi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününiň täsiri ähli okuwçylar, talyplar, mugallymlar üçin üýtgeşikdir welin, bu günüň ýakymy harby okuwçylar üçin has-da ajaýyp boldy. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylmagy Watan goragyna höwesli ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, durmuşyň asyl manysy Watany goramak boýunça mukaddes we beýik borja wepaly bolmakda, Watany söýmekde jemlenýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, ata Watanyň, halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary — parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ýürek buýsanjymyz çäksizdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek babatda bolsa, döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebi bu babatda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebimiziň 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze binalar toplumy watançy ýaşlary ýetişdirmek, geljekde ýurt asudalygyny gorajak serkerdeleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler bilen üpjün edilipdir. Toplumyň binalarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrüň öňdebaryjy bilim tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagy, giň hem-de multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen ýagty otaglary harby gullukçylaryň, şol sanda ýaş watançylaryň bilim almaga, Watanymyzy söýmäge, onuň her daban ýerini gözümiziň görejine deňäp goramaga ruhlandyrýar. Bu mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watan goragçylarynyň täze nesline bildirýän belent ynamyndan nyşandyr.

Harby bilime ilkinji ädim

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň serkerdelik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde 1-nji ýyl harby okuwçylaryň harby kasam kabul edişlik dabarasy guraldy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaraly çäräniň welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilmeginiň aýratynlygy hem ýaş nesilleriň kitap äleminiň ummanynda gulaçlap, gerekli menzillerine dogry barmagy üçin ýol görkezijisi boldy. Meşhur türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny buýsanç bilen göterýän harby mekdebimizde hem harby okuwçylaryň bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Mekdebimiziň kitaphanasyndaky kitaplar harby okuwçylarymyzyň bilimlerini çuňňur ele almagynda özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Geçmişden ugur alyp, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, şanly geljege sary öňe alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys! Biz — ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ak arzuwlaryň wysaly

Kiçijik uçgunjyklardan dörän arzuwlaryň hasyl bolşuna gözli şaýat bolmak diýseň täsirli hem ýatda galyjy pursat. Elbetde, arzyly kitaplaryň gatlaryna ýazylan arzuwlaryň amala aşmagy her bir ynsan üçin täze durmuş, täze sahypa. Başgaça aýdanymyzda, ynsanyň arzuwlaryna sary ilkinji gadam. Ynha, ilkinji ädimler bilen arzuwly hünärine gadam basan bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, geljekki serhetçi serkerdelerimiz ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy uly buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolanyňda, asuda, parahat ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýaşlara göwün söýen hünärlerinde, döwrebap, häzirki zaman ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilen şertler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Ynha, biz hem ylma-bilime uly üns berilýän ýurdumyzda köňül beren hünärine gadam basan bagtyýar ýaşlaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Gurban ANNABERDIÝEW,Türkmenistanyň Serhet institutynyň 1-nji ýyl harby talyby:

Ýoluňyz ak bolsun!

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň aýdyň ösüşleriniň miwelerini, gazanylýan netijeleri her ädimde görmek bolýar. Ajaýyp hem bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň, owadan, dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen döwrebap ýollary gurduryp, halkymyzyň hyzmatyna berýär. Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanyň rahatlygy, maşgala abadanlygy bolsa, köp babatda ýol hereketiniň abatlygy bilen baglydyr. Ýollaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlygyň yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny, maşgala abadançylygyny ähli zatdan ilerde goýýandygyny aýan edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişi bilen bagly giň gerimli çärelere halkymyz uly höwes bilen gatnaşýar. Rowaçlanýan Watanymyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty we aýna ýaly tekiz awtomobil ýollarynda ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşykly, sürüjileriň seresaply, hüşgär bolmagy möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurt derejesinde geçirilýän bu ählumumy çärä Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda guralýan çäreler pyýadalar bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň sazlaşygyny gazanmaga ýardam berýär, şeýle hem bolup biläýjek ýol

Paýhas ummanynyň ägirdi

Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde gezelençde bolup, ol ýerdäki gymmatlyklary synlanyňda akyldar şahyryň ýaşan döwri, geçen durmuş ýoly bilen ýakyndan tanyş bolýarsyň. Muzeýiň binasynyň öňünde oturdylan paýhas ummanynyň ägirdi — ussat şahyryň heýkeli, daş-töweregindäki nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bolan Mätäjiniň, Keminäniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Magrupynyň, Zeliliniň heýkellerini synlap, ýurdumyzda söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan sarpanyň belentligine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, Jemşidiň jamyna deňelýän söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini ösdürmäge mynasyp goşant goşan, berkarar döwleti arzuwlan nusgawy şahyr hem beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň ylymly-bilimli, dana şahyr bolup ýetişmeginde onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň zähmeti, görüm-göreldesi örän uludyr. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Azady öz döwrüniň ylymly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlarynyň biri bolupdyr. Onuň ussatlyk bilen ýazan «Wagzy — Azat», «Behiştnama» ýaly eserleri halkymyz üçin gymmatly mirasdyr. Magtymguly Pyragy ilkinji bilimi öz pederi Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Akyldar şahyryň: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip şygrynda nygtamagy muňa aýdyň subutnamadyr. Soňra şahyr «Idris baba», «Gögeldaş» medreselerinde okap, ylym-bilim alýar. Ol bilimini has-da artdyrmak maks

Özara tejribe

Ýakynda podpolkownik Nurmyrat Eminowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Döwlet serhet gullugymyzyň ähli serhet birikmeleriniň we harby bölümleriniň terbiýeçi serkerdeleriň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçirildi. Onuň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gulluk-söweşjeň işlerini guramakda harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyna baha berlip, şahsy düzüm bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini has-da kämilleşdirmekde anyk wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de terbiýeçi serkerdeleriň hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen tejribe okuw sapaklary guraldy. Mähriban Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pähim-paýhaslary esasynda alnyp barylýan taryhy işler, mukaddes dost-doganlyk serhetlerimizde harby gulluklaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiz üçin döredilýän şertler dogrusyndaky çykyşlar has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Bulardan başga-da, okuw ýygnanyşygynda harby düzgün-nyzamy berkitmekde, ýaş esgerleriň arasynda wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy hem medeni dynç alyş merkezlerine yzygiderli gezelençleri guramak, bu işde weteranlar geňeşine, zenanlar guramasyna uly orun bermek barada hem nygtaldy. Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça tapawutlanan serkerdelere mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýürek sesi

* * * Gijäniň tümünden däl, ýalňyzlygyň tümünden sogrup alsana meni. Garaňkylyk irde-giçde ornuny ýagtylyga berer, ýöne ýalňyzlygyň tümi haçan ornuny mukaddes söýgi bilen doldurarka?! Ýaşyl ýapraklar saralar, soňra olar topraga siňer. Ýaprak siňen toprakdan ýene täze daragt gögär. Günler aýa, aýlar ýyla sepleşer gider, ýöne wagtyň bagt bilen sepleşip gitmegi hemişe mümkinem däl ýaly görünýär. Gowusy sen bu zatlara ynanma, sen bagty döredip bolýandygyna ynanýaň ahyryn... Bu barlyk bize geňeşilmezden döredildi, söýgem geňeşde ýüze çykýan zat däl, gaýtam, ol ynamdan döreýän zat ahyryn. Öňem eý görýänlerimiň has üýtgeşiginiň aýdyşy ýaly, bagtyň 97 göterimi berilýämişin, menem näme galan 3 göteriminem çyn söýgi bilen dolduraýsam diýýän.

Pederlerimizi hormatlap

Ýakynda maýor Parahat Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň serkerdeleri we göreldeli esgerleri etrapdaky kitaphanada gezelençde boldular. Häzirki zaman döwrebap kitaphanany türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň şahyr ogullarynyň şirin şygyrlary jemlenen, halkymyzyň taryhy, asuda, parahat Watanymyzyň ösüşleri özgerişleri hakyndaky kitaplar bezeýär. Kitaphana işgärleriniňGahryman Arkadagymyzyň ata Watan, ene toprak hakyndaky kitaplaryndan täsirli maglumatlary, hekaýatlary, rowaýatlary gürrüň bermekleri, ýaş esgerlerde ene topraga bolan söýgini has-da artdyrdy. Bulardan başga-da, merdana serhetçilerimiziň türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny labyzly okamaklary has-da täsirli boldy. Şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik oglunyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kitaphanada alnyp barylýan işler, täze çap edilen kitaplar dogrusynda wideoşekiller görkezildi. Döwran BABAÝEW, maýor.

Harby atlar dakyldy

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur almak bilen, ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde maýor Wladimir Gasparýanyň ýolbaşçylygynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasyndan kiçi serkerdeler düzümine dalaşgärler saýlanyp alyndy we olar bilen okuw ýygny geçirildi. Onuň dowamynda söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan okuw sapaklary guralyp, tabynlygyndaky şahsy düzüm bilen terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň usullary öwredildi hem-de degişli synaglar kabul edildi. Okuw ýygnynyň jemlenmegi bilen, harby bölümiň serkerdesi tarapyndan çagyryş boýunça harby gullukçylara «Kiçi seržant» harby atlary dakyldy. Peder pentleri

Pyýada geçelgeleri we ýolugurly ulaglaryň duralgalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtly geljegi üçin beýik işler amala aşyrylýar. Asuda, abadan ýollarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hem edilýän işler sanardan kän. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň 14-nji böleginde görkezilen, ýagny Pyýada geçelgeleri we ýolugurly ulaglaryň duralgalarynyň düzgünlerinde görkezilen talaplary aýratyn jogapkärçilikli ýerine ýetirmelidigini ýatladýar. Düzgünleşdirilýän pyýada geçelgesine golaýlaşyp gelýän ulagyň sürüjisi gatnaw böleginden geçip barýan ýa-da geçmek üçin oňa çykan pyýadalary geçirmek üçin tizligini peseltmäge ýa-da geçelgäniň öňünde durmaga borçludyr. Eger düzgünleşdirilmeýän pyýada geçelgesiniň öň ýanynda ulag säginen ýa-da hereketini haýalladan bolsa, onda goňşy hatardan barýan beýleki ulaglaryň sürüjileri diňe şol ulagyň öňünde pyýadalaryň ýoklugyna göz ýetirenden soňra hereketini dowam etdirip biler.

Ösüşi nazarlaýan ulgam

Her bir halkyň milli gymmatlyklary, onuň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem taryhy gymmatlyklar esasynda döwletiň ulgamlaýyn ösüşini görmek bolýar. Diýarymyza köp sanly dünýä jahankeşdeleriniň gelmegi-de, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň görnetin ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däp-dessurlarynyň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hil derejesini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler günsaýyn öz netijesini görkezýär. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwlet tarapyndan uly mukdarda serişdeleri goýbermäge mümkinçilik berýär. Sebäbi

Dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler

Mälim bolşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen baglanyşyklydyr. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, hünär edinmek, döretmek, başarnygyňy görkezmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemleýär. Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty degişli ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellärliklidir. Energiýanyň sarp edilişiniň ýagdaýy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüş şertleri, şeýle hem dünýä ilatynyň düzümindäki we ýaşaýyş-durmuşyndaky özgerişler, ählumumy derejedäki derwaýys meseleleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Energiýa serişdeleriniň arasynda geljegi uly bolan hem-de halkara guramalar we senagat taýdan ösen hem-de ösüp barýan döwletleriň uly gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biri hem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleridir. Onuň önümçilige ornaşdyrylmagy tutuş dünýäde ählumumy wezipe bolup durýar. Bu ulgamdaky innowasion işläp taýýarlamalar we olaryň tehnologiýa taýdan netijeliligini kesgitlemek geljegi has uly bolan ylmy çözgütleri tapmaga mümkinçilik berer. Bular adamzat durmuşynyň esasy meseleleri bolan Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi, ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerdir.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Gurluşyk babatynda amala aşyrylýan bimöçber giň gerimli syýasatyň ygtybarly, berk binýady gurlan binalaryň we desgalaryň uzak möhlete hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biläýjek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin tüýs ýürekden buýsanýaryn. Nesip bolsa, institutyň häzirki zaman we döwrebap binalarynda, multimedia okuw otaglarynda Raýat goranyşyň ulgamynda geçiriljek okuw sapaklaryny ýokary derejede özleşdirip, Raýat goranyşyň inçe tärlerini ele aljakdygymyzy ynandyrýaryn. Eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna we raýatlarymyzyň howpsuzlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdirler. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli durmuşa geçirýän işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunmagy, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde amal edilýän beýik işleriň netijeleridir. Ylym-bilim — her bir döwletiň geljekki ösüşleriniň kepili bolup hyzmat edýär. Ýaş nesil baradaky edilýän alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Golaýda şeýle at bilen TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň şahsy düzümi bilen wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Çärede il sylagly ýaşuly Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginden Näzik Ýusupowa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat suwda halas ediş müdirliginiň başlygy Röwşen Dereşow dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda ata Watany söýmek, ene topragyň her bir mukaddesligini gözüň göreji ýaly goramak, ýurduň asuda hem-de jemgyýetimiziň arassa bolmagy barada ýaşlaryň arasynda düşündirmek we wagyz etmek, kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçilik dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Beýik söz ussady

On ýyl mundan ozal, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan eserleri ürç edip okapdym. Şol eserlerden eden köp sanly belliklerim häzirem meniň gündeligimiň sahypasyny bezeýär. Olaryň aglabasy dünýäniň beýik şahsyýetleriniňdir görnükli söz ussatlarynyň köňül nagyşlaryndan parçalar. Bellikleriň arasyndan käbirine ýüzlenesim gelýär. ...Magtymgulynyň täsirli sözleri asyrlarboýy saklanyp galar. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň, beýik ukrain kobzary Taras Şewçenkonyň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen deň derejede deňeşdirip bilerin.