Her bir halkyň milli gymmatlyklary, onuň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem taryhy gymmatlyklar esasynda döwletiň ulgamlaýyn ösüşini görmek bolýar. Diýarymyza köp sanly dünýä jahankeşdeleriniň gelmegi-de, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň görnetin ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däp-dessurlarynyň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hil derejesini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler günsaýyn öz netijesini görkezýär. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwlet tarapyndan uly mukdarda serişdeleri goýbermäge mümkinçilik berýär. Sebäbi Türkmenistan syýasy we ykdysady taýdan asuda, ekologik babatda arassa tebigatly we medeni-taryhy nukdaýnazardan gadymy taryha eýe bolan ýurtlaryň biridir.