"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde merdanalyk mekdebi

Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasyna sarpa goýmak, ony çuňňur öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak ugrunda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halkynyň taryhynda we edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ady äleme dolýar. Umumynsanyýetiň ýagty geljegini, berkarar döwleti arzuwlan beýik akyldaryň şahyrana döredijiligi bu günki günde dünýä ýüzünde dabaralandyrylýar. Çünki dana Pyragynyň asyrlar aşyp gelen ajaýyp şygyrlary umumadamzat bähbitliligini we nusga alarlyk ähmiýetini şu günki günlere çenli ýitirmän geldi. XVIII asyr türkmen durmuşynyň hakykaty, taryhy we syýasy wakalar, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, Watan mukaddesligi, halka bolan yssy mähir, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy we söýgi tämizligi — bularyň hemmesi akyldar şahyryň şygyrlaryna özboluşly ýalkym çaýýar. Häzirki döwrüň bagtyýar nesilleri Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryny özleriniň ýakyn ýardamçysy hasaplaýar. Çünki Pyragynyň şirin şygyrlary tutuşlygyna watanperwerlige ýugrulan. Watançylyk duýgusy bolsa, ähli üstünlikleriň hem rowaçlyklaryň gözbaşy. Sebäbi her kimiň Watana bolan söýgüsine görä zehin bulagy giňeýär. Bu günki merdana Watan goragçylary hem söz äleminiň serweriniň nusga alarlyk şygyrlaryny özlerine ýol-ýörelge edinýär. Çünk

Saglyk — abatlyk

Jemgyýetiň her bir ulgamynyň ösüşi, ilki bilen, adamlaryň saglygyndan başlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň bir bölümini «Saglyk — abatlyk» diýen anyk kesgitlemäniň esasynda beýan edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — başyň täji» diýen öwüt-nesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Çünki durmuşyň gymmaty saglykdadyr. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip görenimizde-de, adamlaryň beden, ruhy saglygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly öwüt-ündewlere, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň. Dana şahyr goşgy setirleriniň birinde: «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy» diýip, ynsan üçin saglygyň näderejede zerurdygyny nygtaýar.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Ilatymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldilip, hili ýokarlandyryldy. Bu hem ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamyndaky gazanylan üstünlikleriň biri hem, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Ulanmaga berlen bu merkeze Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Ge

9-njy maý

Elwan güllereBeslenip birlaý,Geldi ýene-deŞol ajaýyp aý.Geldi ýene-deÝeňiş baýramy,Geldi ýene-de 9-njy maý. Bu gün bialaçÝatlaýas urşy.Mertler söweşdiDuşmana garşy.

Pyragynyň arzuw edip isläni — parahatlyk gurşap alsyn dünýäni!

Çärýek asyrdan geçen ýyllar içinde ýurdumyz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň nygmaty. Emma taryhyň sahypalaryna ser salanyňda halkyň aňynda öçmejek yz goýan hasratly ýyllara hem gabat gelmek bolýar. Şeýle ýyllaryň biri-de — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen ýyllar. Şol döwürde diňe bir urşa gatnaşyjylar däl, eýsem, tylda galyp zähmet çekenler hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Biz hem şol döwürde halkyň derdini gerdeni bilen deň çekişen zenan — Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň ýaşaýjysy, 7 perzendiň, 34 agtygyň we 9 çowlugyň enesi Ýaňyl TAGANOWA bilen gürrüňdeş bolduk: — Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada ýaş çagaly aýallar we garrylar galypdy. Ähli erkek adamlar uruşda bolansoň, bar işler özümize galypdy. Uruş başlanan ýyllarynda men entek ýaşajyk gyzjagazdym. Bir bölek çörek tapmak kyn hem bolsa, göwnümizde bir ynanç, bir güýç ýaşaýardy: «Hökman, uruş tamamlanar we gidenler sag-aman geler». Biz şu günki bagtly döwri arzuw edip ýaşadyk. Şol arzuw bilen gündizler depäňi gaýnadýan yssyda ýadawlygy bilmän zähmet çekerdik. Gijeler nurana Aýyň ýagtysyna obanyň gelin-gyzlary bilen dokma dokardyk, jorap örerdik.

Ýeňiş hakynda oýlanyp

Taryhda öçmez yz goýan ol ýyllar,Hemmelere ýeňiş paýyn eçilýär.Ol ýyllarda wagtyň hasaby ýitdi,Taryh gaty umman bolup açylýar. Döş gerip, meýdana çykan ogullar,Bu topragyň gursagynda ýatyrlar.Umyt bilen kän garaşan eneler,Henizlerem ýola garap otyrlar.

Hakydada ýaşaýan Watançy

Ýeňiş güni diýilse, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýatdan çykmajak wakalary göz öňüňe gelýär. Onda türkmen gerçekleri hem Watan üçin janlaryny orta goýup, gahrymançylyk görkezdiler. Edermen we gaýduwsyz ýigitlerimiz aňzakly aýazlarda buz ýassanyp, gar düşenip, duşmanlara gahrymançylyk bilen gaýtawul berdiler. Ine, hakydamyzda galan şeýle Watan goragçylarynyň biri hem Juma Aýdogdyýewdir. Ol 1919-njy ýylda häzirki Ahalyň dag eteginde ýerleşýän Artyk obasynda dünýä inýär. Türkmeniň ilkinji ýokary bilimli wekili bolan Artykgül Teke gyzynyň Artyk obasynda gurduran mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa barýar. Okuwdan boş wagtlary ata-enesine öý we kolhoz hojalygynda ýardam berýär. Obasyndaky mekdebiň ýedinji synpyny tamamlansoň, okuwly-hünärli bolmak isleg-arzuwy, ony ata-babalarynyň gadymy mekany bolan, Aşgabat şäherindäki şol wagtky kooperatiw tehnikumyna okuwa alyp gelýär. Tehnikumy üstünlikli tamamlap, ýörite orta bilimli hünäriň eýesi bolýar. Galagoply döwrüň pidasy bolan Aýdogdy aganyň maşgalasy Baýramaly şäherine göçmeli bolýar. Oguldursun ene nowbahar ogly Juma bilen maşgalanyň keşigini bile çekýärler. 1939-njy ýylyň oktýabrynda Juma Aýdogdyýew Baýramaly şäheriniň harby wekilligi tarapyndan çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýar. Soňra 1941-nji ýylyň tomsunda Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Duşmanyň ilkinji zarbasyna zarba bilen jogap berip, gazaply söweşlere g

Peder ýoly — görelde mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, merdana pederlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde Watany söýmegiň we goramagyň belent nusgasyny görkezen ömür ýollary biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekler hem beýlekiler bilen deň hatarda urşuň ilkinji günlerinden başlap, edermenlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, özleriniň gahrymançylygyny birkemsiz görkezdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaralanýan üstümizdäki ýylda Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Ýarym asyrdan-da köp wagtyň geçendigine garamazdan, urşuň ýüreklere salan yzasy henizlerem ýitenok. Adamzat taryhyna öçmez sahypa bolup giren Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň müňlerçesi mertlerçe söweşdiler, ençemesi bolsa ýeňiş bilen sag-aman ojaklaryna dolandylar.

Ýagşylykda ýatlanylýan mähriban enem

Şu günler Diýarymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň geçirilmegi Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gaýratlylyk görkezen enem Oguljemal Jumanazar gyzy barada ýatlama ýazmagyma sebäp boldy. Şol pajygaly ýyllaryň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, enem gazaply urşuň yzynda 3 ogly bilen ýalňyz galypdyr. Ol hiç bir işden gaça durmandyr. Buýrulan işi är gaýraty bilen ýerine ýetiripdir. Ekerançylyk ýerleriniň bir aýratyn bölegine ýolbaşçylyk edip, döwlet harmanyna köp mukdarda pagta tabşyrypdyr. Şol aldym-berdimli döwürde durmuş örän kyn bolsa-da, onuň çeken zähmeti göz öňünde tutulypdyr. Enem şol döwürlerde orden-medallaryň birnäçesi bilen sylaglanypdyr. Hudaýa şükür, nägehan uruş Ýeňiş bilen tamamlandy. Ýüregim bilen bir zady aýdasym gelýär. Enem Oguljemal uruşdan soňky parahatçylyk ýyllarynda-da ile kethudalyk etdi. Türkmen toýlarynda, hususan-da, gyzlar durmuşa çykanlarynda, enem şol gyzlaryň göwünlerini götermek üçin, şadyýan häsiýeti bilen köpçüligi güldürmegi, halk öleňlerini aýdyp bermegi il arasynda hormata mynasypdy. Şonuň üçinem oba arasynda enemi häli-häzirlerem ýagşylykda ýatlaýarlar.

Pasyllaryň aýratynlyklaryna laýyklykda

Gün şöhlesinden goranmak we möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli.

Ýurdumyzyň kuwwatly daýanjy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly toýa barýan ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, pudaga iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme forum hem ýene bir gezek tassyklaýar. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdiril

Dost-doganlyk gatnaşyklary

Bilşimiz ýaly, 28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda giň gerimde dabaralandyryldy. Bu ýerde guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler iň gadymy medeniýetleri we döwletleri döretmekde, adalatly jemgyýeti gurmakda, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalýar» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde geçirilen döredijilik çäresi-de ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Esasy çäreleriň hatarynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergini, Türkmen-fransuz arheologik toparyň işiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertini görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwürde Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan

Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy

Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Islendik işiň sakasynda ynsan saglygynyň durýandygy, adamyň saýlan käriniň eýesi bolmagy, jemgyýet üçin peýdaly iş bilen meşgullanmagy, göwün islän hünärini edinmegi, ilkinji nobatda, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol maksat bilen raýatlaryň jan saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň sagdyn hem-de howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek berk gözegçilikde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ýörelgeleri hökmünde jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şol sanda kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ugurlar ileri tutulýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri açylyp, halkymyza hyzmat edýär. Lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýşy öz kärine ezber hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmekde, sanly lu

Täze eseriň ýalkymy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, onda taryhymyzyň şöhratly sahypalary giňden beýan edilýär. Hut şonuň üçin-de, bu kitap halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, türkmen taryhyny, medeniýetini dünýä ýaýmakda möhüm orna eýedir. Bu eser bilen bagly dabara ýaňy-ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we medeniýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu eser dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Milli Liderimiziň beren gürrüňleri esasynda döräpdir. Kitabyň jemlemesinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreleriň hem-de dabaralaryň 2024-nji ýylyň ýyl ýazgysynda öz mynasyp

Ajaýyplyga beslenen dabara

Ýurdumyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri hem Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen baýramçylyk çäreleri, gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolan ahalteke atlarynyň dabarasyny ýene bir gezek äleme ýaýdy. Çünki waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýelden ýüwrük bedewlere birnäçe ylmy we edebi eserlerini bagyşlady. Olarda halkymyzyň bu ugurda döreden parasatly nakyllary, pähim-paýhaslary, gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Dürli dillere terjime edilen bu eserler dünýä jemgyýetçiliginiň hem mirasyna öwrülip, ahalteke bedewlerine gyzyklanmanyň barha artmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hünärli ýigit hor bolmaz

Podpolkownik Şadurdy Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň inžener-tehniki serişdelerini bejeriş ussahanasynyň şahsy düzümi tarapyndan demir-beton sütünleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ezber serhetçilerimiz öz elleri bilen ýasan enjamlarynyň kömegi bilen, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli sement we demir önümlerini ulanmak arkaly ýasalýan bu demir-beton sütünleri, dost-doganlyk serhedimiziň goragynda germew we gorag haýatlaryny gurnamakda ulanylar. Ussahanada iş alyp barýan harby gullukçylaryň aglabasy çagyryş boýunça harby gullukçylar bolup, olar kesgitlenen möhletlerde okadylyp, degişli hünärler öwredilýär. Şeýle-de halypa-şägirtlik ýoly arkaly ussat serkerdeler öz tejribelerini ýaş esgerler bilen paýlaşýarlar. Şonuň netijesinde hem esgerler nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde has-da kämilleşdirýärler. Bu bolsa olara geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmäge giň ýol açýar. Myrat NAZAROW,kapitan.

Psihologiýa hepdeligi

Ýakynda podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde «Psihologiýa kämil terbiýäniň gönezligidir» ady bilen hepdelik guraldy. Hepdeligiň dowamynda harby gullukçylaryň psihiki saglygyny berkitmek hem-de ahlak-psihologik ýagdaýlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, psihiki kömek we dikeldiş otagyna barmak hem-de psihologik rahatlandyryjy trening geçmek, bu ugurdaky maslahatlary diňlemek ýola goýuldy. Hepdelik aýdym-sazly agşam bilen jemlenip, onda bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arslan KAKABAÝEW, kapitan.

Milletiň ruhunda beýik akyldaryň paýhasy

Eliňize bir gysym mele topragy gysymlap, gözüňizi ýumuň! Kalbyňyzy diňleseňiz, ol size bu toprakda Hudaý ýalkan, ylahy zehinli adamlaryň ýaşandygyny, ýaşaýandygyny, ýaşajakdygyny aýdar. Gözüňizi açsaňyz, Magtymguly Pyragynyň keşbi göz öňüňizde janlanar. Ýüregi şu toprakdan ýasalan, ruhy dünýäsi şu Diýaryň keşbine muştak türkmen üçin bu hakyky bolaýmaly ýagdaý. Muňa şaýat bolan türkmeniň gözünde Watan yşky, akyldar şahyryň keşbi parlaýandyr. Bu biziň türkmendigimiziň bir alamaty... «Magtymguly, gizlin syryň bar içde»

Ykrar edilen hakykat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly çärelere beslenýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, pähim-paýhasy her bir okyjyda, dana Pyragyny öwrenijilerde, şol sanda her bir adamda üýtgeşik bir ýakymly täsir galdyrýar. Akyldar Magtymgulynyň döredijiligine goýulýan aýratyn hormat goňşy we dünýä döwletlerinde hem özboluşly ähmiýete eýe bolýar. Dost-doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda we berkitmekde beýik türkmen şahyrynyň orny aýratyndyr. Özbegistan Respublikasynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Bahodir Karimowyň «Magtymguly — ynsanyýet şahyry» atly kitabynyň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. «Magtymgulynyň şygyrlaryny okamadyk, olary gündelik durmuşynda peýdalanmadyk adam bu dünýäde hem, o dünýäde hem utdurar. Çünki türkmen halkynyň dürdäne kalbyna deňelýän Magtymguly Pyragy yslamyýet we ynsanyýet şahyrydyr» diýen pikir bilen tamamlanýan eseriň ruhy täsiriniň derejesiniň ýokary boljakdygyna buýsançly ynam döreýär.