Ykrar edilen hakykat

1 Maý 2024
285

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly çärelere beslenýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, pähim-paýhasy her bir okyjyda, dana Pyragyny öwrenijilerde, şol sanda her bir adamda üýtgeşik bir ýakymly täsir galdyrýar. Akyldar Magtymgulynyň döredijiligine goýulýan aýratyn hormat goňşy we dünýä döwletlerinde hem özboluşly ähmiýete eýe bolýar. Dost-doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda we berkitmekde beýik türkmen şahyrynyň orny aýratyndyr.

Özbegistan Respublikasynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Bahodir Karimowyň «Magtymguly — ynsanyýet şahyry» atly kitabynyň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. «Magtymgulynyň şygyrlaryny okamadyk, olary gündelik durmuşynda peýdalanmadyk adam bu dünýäde hem, o dünýäde hem utdurar. Çünki türkmen halkynyň dürdäne kalbyna deňelýän Magtymguly Pyragy yslamyýet we ynsanyýet şahyrydyr» diýen pikir bilen tamamlanýan eseriň ruhy täsiriniň derejesiniň ýokary boljakdygyna buýsançly ynam döreýär.

Toýgeldi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, podpolkownik.