"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeni maksatly dabaralar

Häzirki wagtda polkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çägindäki harby bölümlerde dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görýän harby gullukçylaryň ruhuny galkyndyrmak, dynç alyş günlerinde olaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen dabaraly çäreler, şeýle-de dürli mazmunly döredijilik bäsleşikleri guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda geçirilýän şeýle dabaralarda serkerdeleriň watançylyk ähmiýetli söhbetleri, esgerleriň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertlik, gaýduwsyzlyk hakyndaky şygyrlaryny okap bermekleri dabara gatnaşýan her bir harby gullukçynyň kalbynda belent watansöýüjilik duýgusy bilen şöhlelenýär. Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylykdyr. Onuň türkmen topragynda özbaşdak döwlet gurmak baradaky taglymlary «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gürgeniň» ýaly watançylyk şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Watany mukaddeslik derejesine götermek, ony gözüň göreji deý goramak Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, döwet galamyndan çykan dürdäne kitaplarynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň as

Buýsanjymyz — bagtyýar ýaşlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup belentden-belent ýaňlanýar. Ýaşlara mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, derýalaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamak, özlerinden edilýän belent ynamy ödemek mertebedir. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylma-bilime höwesini artdyrmak häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Berkararlyk daragty

Geljegi barada aladalanýan millet, ilkinji nobatda, mynasyp nesli kemala getirmegiň maksady bilen ýaşaýar. Dowamatyny dowam eýlejek kämil ýaşlary terbiýelemek, ösdürmek, kemala getirmek höwesinde bolan türkmen halky öňem, häzirem şu ýol-ýörelgä eýerýär. Munuň şeýledigini häzirki günlerde has-da aýdyň duýup bolýar. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy bolan ýaşlaryň kämil terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hemmelere nusgalyk mekdepdir. Kitapdaky: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen jümleler ýaşlarymyz üçin durmu

Mukaddeslikleriň mertebesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş tejribelerinden susulyp alnan, döwleti dolandyrmagyň we halky söýmegiň, ukyp-zehiniň bilen il-güne hyzmat etmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlaryň durmuşyna dahylly we örän peýdaly manylary özünde jemleýän akyl-paýhas hazynasydyr. Watanymyzyň beýik taryhy — ýurdumyzyň belent tarypydyr. Ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we onuň gymmatyny düşündirmek mukaddes borçdur. Durmuşa düşünmegiň ýollaryny, usullaryny ata-eneler ogul-gyzlaryna kitabyň üsti bilen, şeýle-de edim-gylym, edep-terbiýe arkaly öwredýär. Olar Watany söýmegi belent borç hökmünde görüpdirler. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, dünýäniň derdi-mähneti şu zatlardadyr. Olaryň birinjisi, ýurduňdan aýralyk, hatda ol bir sagat bolsa-da; ikinjisi bergidarlyk, ol bir teňňe bolsa-da; üçünjisi, dilegçilik ol bir däne bolsa-da. Türkmen dessanlarynda, kyssalarynda wakalar esasynda aýdylýan «Müsürde şa bolanyňdan, öz iliňde geda bol» diýen parasatly jümle hem «Watan» atly gymmatlygyň ynsan üçin nähili ezizdigini kemsiz subut edýär. Watana bolan söýgi — halkymyzyň geçmişine, şu gününe we geljegine bolan buýsanç hem-de ynamdyr. Mukaddeslikleri öz mynasyp mertebesinde saklamak borçdur

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary

Halkymyzyň ata-babalarymyzyň watanperwerlik, adamkärçilik, ula-kiçä hormat goýmak ýaly asylly däplerine wepaly bolup gelendigi inkär edip bolmajak taryhy hakykatdyr. Hoşniýetlilik, birek-biregiň pikirine hormat goýmak, ýagşy işleriň şowlamagy üçin agzybirlikde zähmet çekmek ýaly ýörelgeleriň gymmaty bu gün halkymyzyň durmuşynda ýaşuly nesle geňeşmek ýaly asylly edim-gylymlaryň berjaý edilmegi bilen has-da pugtalandyrylýar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, ýakynyňa yzzat etmek, myhmanparazlyk ýaly ynsany bezeýän ajaýyp sypatlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş pelsepesidir. Ynha, şol şöhratly ýörelgeleri özüne nusga edinýän hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty bolsa, belent ynsanperwerligiň ýurt derejesindäki aýdyň ýüze çykmasyna öwrülip, kalplara buýsanç bolup dolýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, mundan müňlerçe ýyl ozal Oguz han atamyz bir ojagyň başynda döwre gurap, beýik döwleti dolandyrmagyň düzgünlerini sala salmak arkaly kämilleşdiripdir. Gorkut ata zamanynda türkmen begleri islendik meselede bir başa garap, agzybirlikde geňeşipdirler. Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Togrul begdir Çagry beg Beýik Seljuk döwletini döredende, Mäne baba ýaly pirleri, il-ulusy çagyryp, maslahat edip, geljekki döwletiň binýadyny gurupdyr. Bu günki gün hem Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ýurdunda bir supranyň başyna jem bolup, Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadag

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

Saglyk — bu ynsanyň baş baýlygydyr. Saglygyny gorap saklamak hem-de berkitmek her bir adamyň öz elinde. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyz «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Saglyk — baýlyk», «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim» ýaly nakyllardyr atalar sözlerini döredipdirler. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny, belent başynyň asudalygyny gorap saklandygyny görkezýär. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle döwletli ýörelgeler Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly rowaçlyga eýe bolýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn sarpalanýar. Bu oňyn işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň mazmunynda aýdyň dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyz dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalarydyr ykrarnamalaryna hem mynasyp bolýar.

Şahyryň şygyrlary — edep mekdebi

Türkmen nusgawy edebiýatynyň göwher täji Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ähli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Çünki akyldar şahyryň döredijiligi köptaraply bolup, olarda durmuşyň ähli ugurlary boýunça söhbet açylýar. Şahyr mähriban halkynyň halal, erkana ýaşamagyny, ýagşa eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durmagyny, bir-birege hormat-sylagly bolmagyny çeper hem düşnükli dilde nesihat edipdir. Ol: Musulman ähline ajy söz urmaň,Pakyra-misgine delalat ýagşy.

Dünýä asmanynda nursuň, Pyragy!

Her bir halkyň beýikligi, onuň dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen ölçenilýär. Halkymyzyň şeýle beýik ogullarynyň biri-de, türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy, Gündogaryň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Häzirki wagtda dana şahyryň şygyrlary bir ýurt ýa-da bir yklymyň çäginden çykyp, has alyslarda — dünýä giňişliginde öz mynasyp ornuny tapýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi onuň şahyrana-filosofik mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň möhüm bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Şunlukda Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy medeniýetiň ilçisi hökmünde yklymlaryň we döwürleriň çäginden çykýar diýip buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň kämil şygryndan gözbaş alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlen şygar bilen atlandyryldy. Hut şol nukdaýnazardan hem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar we bäsleşikler geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Pähim-

Gün urmadan nädip goranmaly?

Gün şöhlesi bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witaminiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda onda howply täze döremeleriň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin degişli düzgünleri berjaý etmek hökmanydyr: * Tomusda irden sagat 9-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Seniň bagtyň — meniň bagtym

Käte mahal-mahal kalbymy birgeňsi duýgular gurşap alýar. Hamala diýersiň, akylym ýüregime garşy gidýän ýaly. Öz-özümi tanaman haýran galýaryn. Seniň pynhan bakyşlaryň göz öňüme gelende bolsa, nämedir bir zatlary düşündirjek bolýana meňzeş pyşyrdylaryň gulagyma eşidilip gidýär. Bu nämäniň alamatyka, allajanlarym?! Şonda, bir sekundyň içinde daş-töwerekdäki ähli zat öz reňkini ýitirýär. Göwnüme bolmasa, suwlar akmasyny, baglaryň ýapraklary yrgyldamasyny, şemal öwüsmesini, Gün dogmasyny, Aý şugla saçmasyny, guşlar saýramasyny goýan ýaly bolýar. Garaz, dünýäniň ýüzi beýan etmesi kyn bolan duýgulardan dolýar. Şol pursat senli ýatlamalar meni alyslara — saňa sary alyp gidýär.

Wepaly dost

Öňi bilen, şu aýdymy diňle sen,Bu aýdymda halkyň namys-ary bar.Onuň aňyrsynda saza gatylyp,Bakýar çyn hem wepaly dost alabaý. Aty çykan bu türkmeniň bedewniň,Kişňeýän sesini aňlap bolýandyr.Dost golun uzadyp gelen doganym,Bu aýdymda gülüp, aglap bolýandyr.

Men entek ýigit-le

Bir gün agşamlyk naharyny edinip bolamsoň, goşa ýassyga ýassanyp, çaý içip otyrkam bäş ýaşly agtygym ýanyma geldi-de: — Ata, ata, garry adamlar şeýdip, seniň ýaly ýassyga ýassanyp çaý içýärlermi? — diýip sorady. Men böwrüme hürseklenen ýaly, çalasynlyk bilen dikelip oturdym.

Däp-dessura dowamat, geňeşli il — salamat

Ile sarpa, halka hormat milletleriň ählisine-de mahsusdyr welin, «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Il agzy — keramat» diýip, bu synmajak ýörelgäni ömrüň gymmatyna deňän türkmen halkynda has-da aňyrdan. Toý tutmazyndan öňinçä il-güni ýygnap, sala salyp, geňeş toýuny tutýan halkymyzyň bu ajaýyp dessury indi ençeme ýyl bäri döwlet derejesinde dabaralanyp, ýurdy ösdürmekde, halkyň agzybirligini berkitmekde, öňde goýlan beýik maksatlary göwnejaý amala aşyrmakda öz mynasyp ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunlukda her ýyl ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny tabşyrmagy bilen, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi we oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Häzirki wagtda kalplarda buýsançly seslenme döreden halk bähbitli, ýurt ähmiýetli bu waka mynasybetli welaýatlarymyzda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Dünýäniň öse

Azyk üpjünçiliginiň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan oba hojalyk pudagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan ýeňillikler döredilýär. Şeýle hem önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen dürli görnüşdäki ýeňillikleriň berilýändigini bellemek bolar. Bularyň ählisi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk hukuk namalary bilen berkidilendir. Irki döwürlerden bäri ekerançylyk medeniýetiniň ösen ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda hem ene topraga yhlasly zähmet bilen çemeleşilýär. Şol sanda döwrüň talabyna laýyklykda täzeçil usullara hem eýerilýär. Oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar satyn alynýar. Bu bolsa daýhanlaryň ýetişdiren hasyllaryny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam edýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, saýlama bugdaý tohumlaryny taýýarlaýan bölümleri bolan elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi bu pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.

Türkmen türgenleri Pariž olimpiadasynda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr. Umumadamzat bähbitli durnukly ösüşiň maksatnamalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu günki günde türkmen türgenleri Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrarlar. Pariž şäheri bir asyr arakesmeden soň, tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň sport janköýerlerini özüne çekýän, dört ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiadasy bosagada dur. Bu sport baýramçylygy dünýä halklarynyň arasynda dostlugy, parahatçylygy we jebisligi pugtalandyrar. Şeýle hem dünýäniň iň bir naýbaşy oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagynyň özi hem tolgundyryjy. Elbetde, bularyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän bitewi we strategik döwlet syýasaty durandyr. Esasan hem ata Watanymyz T

Mukaddes borç

Türkmen halkynyň Watana bolan belent söýgüsi milli mirasymyzdan, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerinden gözbaş alýar. Täze ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde dabaraly ýagdaýda harby kasam kabul edişlik çäreleri yzygiderli geçirilýär. 2024-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsüminde milli goşunymyza gelen ýaş esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde-de ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu dabaraly çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes harby borjy ak ýürekden berjaý etmäge gelen çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Harby kasam kabul edişlik dabarasyna esgerleriň mähriban ene-atalary we ýakynlary gelip, öz perzentleriniň Watan goragçysy bolandygyna buýsanýarlar. Täze gelen ýaş esgerler bolsa ýürekleri joşgundan, kalplary buýsançdan dolup, öz mähribanlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda harby borjy mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de konstitusion gurluşyny mertlerçe we edermenlik bilen gorajakdyklaryna, Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.

Raýat goranyşy geljegi nazarlaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Kuwwatly döwletimiz hormatly Prezidentimiziň amal edýän beýik işleriniň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Geljegiň akylly şäheri bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň we naýbaşylarynyň biridir. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen dünýäni aňk edýär. Gurulýan täze binalaryň we desgalaryň uzak ömürli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr.

Täze okuw möwsümi

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Hojamyrat Gurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ikinji okuw möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabara guraldy. Harby bölümiň serkerdesi möwsümde öňde durýan wezipeleri kesgitläp, şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar taýýarlygy boýunça okuw sapaklarynyň hilini has-da ýokarlandyryp, bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de çärede göreldeli harby gullukçylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Alisa BÄŞIMOWA,kapitan.

Akyldary sarpalap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň-bilimiň ähli ugurlary bilen birlikde, türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmek meselesi hem giň gerime eýe bolýar. Hut şu esasda-da nusgawy edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek işi üstünlikli alnyp barylýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen parasatly sözleri hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Beýik söz ussadynyň goşgulary ýaşlary terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýar. Munuň şeýledigini şahyryň goşgularynyň çuňňur many-mazmunlydygy bilen düşündirmek bolar. Bu bolsa Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň nusgalyk derejede giňdigine şaýatlyk edýär. Meseläni giňişleýin häsiýetlendirip, okyjyny özüne çekýän şahyryň geçmiş bilen geljegi sazlaşdyryp ýazan goşgulary her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň edebiýatda ebedi keramata öwrülmegi hem onuň goşgularynyň üsti bilen berýän öwüt-nesihatlary bilen baglanyşyklydyr. Dana akyldar adamyň özüni yzygiderli terbiýeläp ýörmelidigini nygtap, özüňi terbiýelemekde oý-pikiriňi päklemek, niýetiňi kämil saklamak ýaly ý

Ýaşlary terbiýelemegiň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty durýar. Her bir döwletiň syýasatynda, ykdysadyýetinde, jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek ösüşiň möhüm şerti bolup, bu işe ýaşlaryň işjeň çekilmegi, olaryň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesliň tutýan orny aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň ornunyň näderejede uludygy bolsa garaşylýan oňyn netijeleriň gazanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Islendik ýurtda bolşy ýaly, türkmen jemgyýetinde hem ýaşlary kada-kanunlary berjaý etmek ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz perzent terbiýesine mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Halkymyzyň perzent terbiýelemek işi, beýleki halklaryňkydan tapawutlylykda, birnäçe özboluşlylyklara eýedir. Munda Watan mukaddesligi, watansöýüjilik hem-de belent ahlaklylyk ýaly düşünjeleri we häsiýetleri ýaşlaryň aňyna we ýüregine guýmaga esasy üns berlipdir.