"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilýär. Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmagy bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, maksatnamalaýyn özara netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Täze taryhy eýýamda ynsanyň baş baýlygy hasaplanylýan saglygy goraýyş syýasaty işlenilip düzülen hem-de kabul edilen hukuk namalarynyň netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler

Rowaç ýollarymyzyň şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň ynsanperwer ugurlarynda dana Pyragyny halkara derejesinde wagyz etmek bilen baglanyşykly alyp barýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde biziň dünýämize ornaýar. Dana Pyragynyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň köňül kelamy bolup, ol adamzadyň durmuş ýörelgelerini salgy berýär, halkara gatnaşyklarynda, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä içre dünýä bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur saçýan Magtymguly Pyragy dünýä halklaryny bir supranyň başyna jemledi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Magtymguly» atly täze kitap neşir edildi. Täze neşiriň akyldar şahyr bilen baglanyşykly fotosuratlar bilen bezelmegi okyjyda özboluşly täsir galdyrýar.

Terbiýäniň nusgalyk ýörelgeleri

Ynsan mertebesini saklaýan we ony belende göterýän däp-dessurlar hiç wagt könelmeýär hem-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Elbetde, şol asylly däpleriň iň ähmiýetlisi hem ata-enäni hormatlamak edebidir. Durmuşda her bir ynsan öz nobatynda atadyr ene bolmaly. Has dogrusy, ata-ene perzendiň asly bolup durýar. Perzendi ekläp-saklamak, edep-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek, gör, näçe zähmeti talap edýär?! Bu zatlaryň öwezini dolmak üçin perzent bütin ömrüne ata-enesine hyzmat etmeli. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da gylyk-häsiýetiň bolşy ýaly, her bir çaganyň hem dürli gylyk-häsiýeti bolýar. Muňa garamazdan, ata-eneleriň hemmesi öz çagalaryny eý görýärler. Şonuň üçin-de perzent öz aslyna — ata-enesine hormat goýmalydyr, perzentlik borjuny berjaý etmelidir. Ata-ene, perzent gatnaşyklaryndan edilýän talaplar durmuşdan alnyp, ata-babalarymyz tarapyndan kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçip, halkymyzyň asylly däplerine öwrülipdir. Türkmenleriň perzentlik borjy hakynda gürrüň edilende, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde bu asylly ýörelge görnetin şöhlelenýär. Çünki onuň «Wagzy — Azat» atly eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borjy anyk beýan edilýär.

Ähli döwürleriň şahyry

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, özboluşly ylham bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Dana Pyragynyň arzuw eden berkarar döwleti, bagtly durmuşy bu gün hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Akyldaryň döredijiligindäki myhmansöýüjilik

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem edebi mirasymyzyň özeni hasaplanylýan ol şygyrlaryň her setiriniň dür dänesine barabar gymmaty bar. Hususan-da, olarda adamlaryň gylyk-häsiýetleri, jemgyýetde özlerini alyp baryşlary, birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklary jemlenendir. Beýik akyldaryň bize galdyran edebi mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän salyhatlylyk, jomartlyk, myhmansöýüjilik ýaly häsiýetler türkmen halkynyň myhmanparazlygyny, adamkärçiligini, gülerýüzlüligini çeper sözleriň üsti bilen kemsiz suratlandyrýar. Şeýle şygyrlarda şahyr myhman bolmak, myhman almak dessurlarynda mert ýigitleriň mertebesiniň has belende göterilýändigini nygtaýar. Ol goşgularyň köpüsi il içinde nakyllara öwrülip gidendir: Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,Goç ýigitler myhmanynda bellidir.

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn ýaşaýşyň esasy ýörelgeleriniň biri hem dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Bu babatda gaýtadan işlenilýän azyk önümlerinden daşgary, tebigy hem ter önümlerden iýmitlenmek maksadalaýykdyr. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Ýer ýüzündäki adamlaryň aglabasy düzüminde ýokumy ýokary derejede bolan ýagly, şekerli, duzly önümleri aşa köp iýýän bolsa, şol bir wagtyň özünde gök önümleri, miwedir ir-iýmişleriň örän az mukdaryny kabul edýärler. Bu bolsa bedeniň kesellerden goranmak ýaly mümkinçiliklerini çäklendirip biler. Hut şonuň üçin kadaly iýmitlenmegiň ýörelgelerine esaslanmalydyrys. Sagdyn iýmitlenmegiň ýörelgeleri:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Türkmenistan — BMG gatnaşyklary: ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga eýedir

Şu ýylyň 5-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. 6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Olar bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrüldi.

Taryhyň syry hem aýany munda, gadymy Änewiň beýany munda

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap bolanymdan soň, aňymda fransuz ýazyjysy Žan Rostanyň «Hakyky ýazyjy bize tanyş zatlar hakynda gürrüň berip, haýran galdyrmagy başarýar» diýen jümlesi aýlandy durdy. Hakykatdanam Änewe ýygy-ýygydan ýolum düşüp dursa-da, bu şäheriň näderejede gadymydygy we ol gadymylygyň nähili gymmatlyklar bilen baglydygy hakynda henize çenli düýpli hem giňişleýin pikirlenmändirin. Şu hakda oýlanyp, bir hakykata has-da haýran galýarsyň, ol hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýaly giň kalbynda eziz Watanymyz bilen bagly her bir zada synmajak hormat-sarpanyň, özboluşly mähir-söýginiň egsilmezligi. Şeýle gymmatlyklardan kemal tapan bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gyzykly maglumatlardyr ýöredilýän çuňňur oý-pikirler seniň göz öňüňde gadymy Änewiň müdimi keşbini täzeden açýar. Keramatly toprakda, baryp, mundan ençeme asyr öň dörän ekerançylyk medeniýetiniň ähmiýetini ýüze çykarýan, ýaşy tas bir asyrdan geçýän gazuw-agtaryş işleri, olary geçiren alymlardyr arheologlaryň seljermeleri, bu ýerde ýaşap geçen taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi, gadymy şäheriň goýnunda ýerleşýän, geçmişiň syrly aýdymyna hiňlenip oturan binalar, ýadygärlikler hakda ýekänme-ýekän gürrüň berýän bu ajaýyp kitap geçmiş bilen geljegi biri-birine gowuşdyrýan köpri mysaly belent bir wezipäni ýerine ýetirip, dünýäniň çar künjüne

Geçmişimizi sarpalap

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Agamyrat Akmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň esgerleri bilen Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Mertlik, watansöýüjilik, geçmişimize beýik söýgi döretmekde uly ähmiýeti bolan gezelenjiň dowamynda bu ýeriň geçmişde beýik medeniýetiň ojagy bolandygy hakynda söhbet edildi. Öz döwründe dürli aýratynlyklary bilen tapawutlanan bu künjegiň alymlaryň ünsüni henizem özüne çekip gelýändigi hakynda aýdyldy we ýadygärlik bilen baglanyşykly gyzykly sowal-jogaplar alşyldy. Didar KUWATOW, maýor.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň berk bedenli, ösen aň-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň işgärleri bilen bilelikde ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ady agzalan dynç alyş merkeziniň, şeýle-de «Demirýolçy», «Şöhle», «Çeşme» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalarynyň arasynda dürli oýunlar bilen utgaşyklylykda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bäşleşik geçirildi. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen ýagdaýlar boýunça sowal-jogap alyşmak, ikinji tapgyrda bolsa, welosipedli päsgelçiliklerden geçmek boýunça özara ýaryşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde 1-nji orna «Altyn ýyldyz», 2-nji orna «Çeşme», 3-nji orna «Demirýolçy» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň çagalary mynasyp bo

Gün şöhlesinden goranyň!

Gün — şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, ultramelewşe şöhlesi olaryň içinde wajyp ähmiýete eýedir. Olar adam bedeni, esasan, çagalar üçin has-da zerurdyr. Sebäbi bu şöhle adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň teni D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, sussupeslikden goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi beden süňklerini osteoparozdan, sklerozdan, ýagny beden dokumalarynyň keselläp gatamagyndan we iglilikden goraýar. Onuň ýetmezçiligi bolsa parodontoza, birnäçe howply täze döreme kesellerine, beden etleriniň we bogunlarynyň agyrysyna we süýji keseline alyp barýar. Şol sebäpli D witamini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhlesiniň ýene-de bir gowy taraplarynyň biri, onuň birnäçe kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýänligidir. Mundan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin örän yssy bolmadyk güneşli günlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Her bir adam çagalykdan Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar. Ilki mylaýym ýylylyk, soňra derisiniň gyzarmagy, Gün şöhlesiniň uzak wagtlap endamyna täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Şoňa görä, Gün şö

Watançylygyň ebedi kökleri

Türkmenler asyrlaryň dowamynda watançylyk duýgusyny kämilleşdirip gelen halkdyr. Oguz türkmenleriniň gadymyýetiň jümmüşinde guran döwletleri-de berkararlygyň, özbaşdaklygyň ilkinji sütünleri bolmak bilen, halkymyzyň hut özüne mahsus kämil watansöýüjiliginiň ykraryýetidir. «Ser bererin, ýer bermerin!» diýen nesilbaşymyz Oguz han beýik watançy bolmak bilen, ýurt goragynda hemişe berk durupdyr. Şundan gözbaş alyp gaýdan watançylyk duýgusy soňky sekiz asyryň içinde öňküden-de çuňlaşyp, kalplarda müdimi orun alypdyr, «ýurt, ojak» diýen mukaddes düşünjeleriň esasynda has-da beýgelipdir. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hem berkarar döwlet gurmagyň arzuw-isleginde ýaşamak bilen, özüniň dürdäne döredijiliginde watansöýüjiligi, ilkinji nobatda, öňe sürüpdir. Ol şeýle möhüm garaýyşlary beýan edende merdana pederlerimiziň watansöýüjiliginden ruhlanypdyr hem-de olary nusgalyk mekdep hökmünde hertaraplaýyn çuňňur şöhlelendiripdir:

Sen yşkyň özüdiň

«Adamyň göwni garramaýar» diýleni dogry. Saňa sataşan günümi ömrümiň iň bagtly güni hasaplaýaryn. Sebäbi seniň barlygyňda meniň üçin dünýä biçak owadandy. Ynansaň, sowugy, yssyny bilmezdim, näme iş etsem, yhlas, höwes bilen ederdim. Özümem şeýlebir şadyýandym, dilewardym. Şol günler göwnühoş bolup daşaryk çykanymda käwagt asmana serederdim. Şonda asmanyň ýüzüni bulut tutup duran bolsa-da, maňa ap-aýdyň bolup görünýärdi. Göwnüme bolmasa, kalbymyň joşundan ýaňa bu dünýä meniňkidi. Ony köňül köşgümde ýerleşdirýärdim. Söýginiň mülkünde olam has-da görklenýärdi. Hawa, seni görmek beýle-de dursun, adyňy eşitsem-de, ýüregim gürsüldäberýärdi. Ýüregim diňe sen tarapa atygsaýardy. Çünki meniň dünýämde sen bardyň. Seniň barlygyňda bolsa men örän bagtlydym. Ruhy dünýämem asudady. Ähli zatlar meniň üçin täsindi. Özümi diňe seniň ýanyňda ýaly duýýardym. Birdenem, sen meniň durmuşymdan, gözümden durna deý gaýyp bolduň-da gidiberdiň.

Müň syrly mekdep

Iňňän aňyrda-da bar bolsa älem,Bar bolsa müňde bir syry pelegiň,Pyragynyň diwanyny gulaçlap,Akyl çanagyňa salyp, elegin! Uşakgöz elekden geçen yşkyňy,Seljäre tapylsa bir zerre ynam.Özüňden özgäge açyp bolmajak,Paýhas derýasyny boýlanňa ynan.

Jul

«Göwher — kül içinde, bedew — jul içinde» diýen çuň mazmunly nakyly döreden eždatlarymyz seýisçilik sungatyndan, atşynaslyk ylmyndan çuňňur habarly bolupdyrlar. «Jul» sözüne «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «atyň üstüne ýapylýan ýapynja, basryk» diýip düşündiriş berilýär. Söz mülküniň soltany Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de bu aňlatma duşýarys:

Türkmenistan — halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň daýanjy

Ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan we okgunly ösýän Merkezi Aziýa sebitine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bolsa bu sebitde möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iýunynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan ýene bir hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Munuň özi Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň ykrarnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadançylygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy — şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Şanly ýylyň taryhy wakalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň oňyn netije berýändigini tassyklaýar.

Ekologiýa medeniýeti — abadançylygyň gözbaşy

Döwletimiz daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ýurduň öz çäginden çykyp, dünýä ýüzünde bitewi ekoulgamy döretmäge, ekologiýa medeniýetini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmaga, «ýaşyl» ýaşaýşy işjeň wagyz etmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda ähli tagallalar birleşdirilip, degişli kanunlar kabul edilip, bir bitewi jemgyýeti emele getirýän her bir raýatyň ekologiýa medeniýetine eýermegi zerurdyr. Çünki döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty hemişe bolşy ýaly, umumadamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmat edýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň özüniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle hem BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna agzadyr. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, döwletimiz tarapyndan her bir raýatymyzyň sagdyn ýaşaýşy we ekologik howpsuzlygy üpjün edilýär.