Ähli döwürleriň şahyry

17 Iýul 2024
228

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, özboluşly ylham bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar.

Dana Pyragynyň arzuw eden berkarar döwleti, bagtly durmuşy bu gün hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Döwletnazar SEÝITNAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýat müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.