"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hazar — parahatçylygyň, ylalaşygyň deňzi

Häzirki döwürde Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda ähmiýetli işleri alyp barýar. Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine gulluk edýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmek döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şol dogrusynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan Hazarýaka sebitde bolup geçýän ähli möhüm hereketlere işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda parahatçylyga, ylalaşyga, özara ynanyşmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär. Şonuň üçin bu sebit hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär. Taryha ser salsak, 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem «Hazar deňziniň güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy seneden bäri her ýylyň 12-nji awgusty dostluk deňziniň

Arkadag şäheri — milliligiň we täzeçilligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag şäherini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Arkadag şäherinde nobatdaky iş saparynda boldy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Gahryman Arkadagymyz täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we Arkadag şäheriniň häkimi şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Şonda Milli Liderimize Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar, kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça meýilleşdirilen işler hasabatyň özenini düzdi.

Ykdysadyýetimiz ösüş ýolunda

Islendik ulgamyň ösüşi üçin, ilkinji nobatda, ýola goýuljak işleriň hemmetaraplaýyn maýa goýum serişdesi bilen üpjün edilmegi zerur bolup durýar. Mysal üçin, bilermenler soňky döwürde uzak aralykdan işleýänleriň sanynyň artýandygyny aýtmak bilen, şeýle usulda işleýänleriň aglabasynyň özi üçin wezipe taýdan ösüşleri gazanmagy däl-de, eýsem, işiniň amatyny hem ýokary gazanjy ileri tutýandygyny belleýärler. Sanlylaşdyrma — bu ykdysady ulgamyň ösüşini kepillendirýär. Has dogrusy, bu ulgamyň geljekdäki amala aşyrylmaly wezipeleriniň işjeňligini ýeňilleşdirýär. Hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrma tutuş dünýäde ileri tutulýan meýildir. Sebäbi sanly ykdysadyýet zähmet bazarynyň ösüş ugurlaryna ýiti täsir edýär. Bu ugurda sanly tehnologiýalaryň ýaýraýyş tizligi işewürligiň iş tärleriniň we degişlilikde, adamlaryň zähmet meşgullygynyň görnüşiniň, hiliniň, mazmunynyň düýpli özgermegine alyp barýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň ösmegi, aýratyn-da, ykdysady taýdan kuwwatly döwletlerde intellektual zähmetiň gerimini giňeldýär. Häzirki zamanyň öňe çykarýan, ýagny çalt depginde ösýän ulgamyň işini göz öňüne getirip aýtsak, ykdysady işi alyp barmagyň täze çemeleşmelerini içgin öwrensek, ozal peýdalanylmadyk intellektual mümkinçilikler ýüze çykýar. Ine, bu bolsa sanlylaşdyrma arkaly ykdysady ulgamyň ösüş depginini täzeçe röwüşde ösdürmekdir.

Milli kanunçylyk ulgamy

Bolelin durmuşyň, terbiýäniň gözbaşyny zehin-sowatda, zähmetde gören halkymyz ýaş nesilde bilesigelijilik, işeňňirlik endiklerini ösdürmegi, zähmete söýgi döretmegi, oňa gadyr goýmagy durmuşdaky baş wezipeleriň hatarynda görüpdir. Dana gojalarymyz «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Halal zähmet — baky döwlet» diýen ýaly nakyllar arkaly nesillere okamagy, kesp-kär saýlap bilmegi, yhlasly işläp, joşgunly döretmegi sargyt edipdirler. Edil şonuň ýaly, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde hem ýaşlaryň işewürlik häsiýetini, hünär höwesini, iş tejribesini ösdürmek beýan edilipdir. ХI asyrda ýaşap geçen Keý-Kowus öz ogluna niýetläp ýazan «Kowusnama» eserinde: «Bilimli bolup senet öwrenmek bedeni ýaltalyk keselinden halas etmek babatda diýseň peýdalydyr» diýip nygtamak bilen, ynsanyň eşretli ertiriniň zähmet bilen hünärdedigini, onuň açarynyň bolsa ylym-bilim bilen edep-terbiýededigini tekrarlapdyr. Magtymguly Pyragy «Köýmän ýigide» goşgusynda: «Ulalanda iş hoş gelmez, // Ýaşlykda köýmän ýigide», şeýle-de «Nogsana gelgeý» goşgusynda: «Gaçawer haramdan, isle halaldan» diýen setirlerinde perzentleriň çagalykdan üşükli-düşünjeli, haýyr-sogaply işlere werziş bolmalydygyny, halal zähmetde taplanmalydygyny, ulularyň hem asylly işi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezmelidigini öwüt edipdir. Häzirki wagtda ylmyň-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň eýýamy bolan XXI asy

Eziz Watanymyzyň bagtly nesilleri

Ata-babalarymyzyň uzak döwrüň dowamynda kämilleşen baý many-mazmunly paýhasly pentlerini, ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli terbiýeçilik mekdebi ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Mertlik, merdanalyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini ýüze çykarýar. Türkmen perzendiniň edep-terbiýesiniň gönezliginde müňýyllyklaryň taryhyndan aşan asylly häsiýetlerimiziň bardygyny aýtmak zerur bolup durýar. Ýagny Orta asyrlarda atabeglik mekdebinde terbiýelenen ýigitler döwrüň at-abraýly serkerdesi bolup ýetişipdirler. Öz döwründe jemgyýetde ahlak we ruhy kämilligiň berkemegine uly täsir edişi ýaly, biziň bagtyýar zamanamyzda hem durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşy arassa ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary kemala getirmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar.

Mertligiň mertebeli menzilleri

Ynsany bezeýän şeýlekin ýagşy häsiýetler bar. Her bir ynsan olary ykbalynyň dowamynda özüniň bitiren ýagşy işleriniň üsti bilen gazanýar we şahsyýet hökmünde kemala gelýär. Gürrüňimizi mertlik ýaly naýbaşy hem ýagşy häsiýetleriň biri hakyndaky pikirlere utgaşdyrmakçy. Galyberse-de, şahsyýet diýlende, biziň halypamyz — Türkmenistanyň Içeri işler gullugynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly ömür ýoly hakydamyza dolýar. Il içinde: «Ata Watan, ene toprak» diýen sözleri köp eşidýäris. Çünki paýhasly pederlerimiz öz perzentlerine ata Watany goramagy, nuranadan mährem käbelerimiz bu topragy söýmegi wesýet etmekden irmeýärler. Terbiýe babatdaky gürrüňimizi has aýdyň şöhlelendirmekde kalby ylhamly Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary nusgalyk çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri tutuşlygyna diýen ýaly ömür ýolunda nusgalyk ýol görkezen, asylly beýik ahlak sypatlary boýunça nusgalyk hem-de öz durmuşynyň uniwersiteti hasaplan halypasy Mälikguly aga bagyşlanýar. Has dogrusy, «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserinde kakasy Mälikguly aganyň nusgalyk ýoluny köp wagtlap öwrenendigi we ýene-de öwrenmegiň özi üçin perzentlik borçdugyny nygtaýar.

Ähli göwünleriň şahyry

Elime kagyzdyr galam alyp, Magtymguly Pyragy, onuň poeziýasy hakynda bir zatlar ýazmakdan ötri, biraz ýaýdandym. Çünki beýikler hakynda ýazmak üçin hem köp zatlary bilmeli. Bu babatda akyldaryň ýazmak hakyndaky setirleri biziň ählimize kämil we iň beýik nesihat bolup durýar: «...Magtymguly, sözle her ne bileniň, // Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň...» Dogry, poeziýa, onuň wezipesi, ýerine ýetirýän işleri hakynda köp zatlar aýdyldam, ýazyldam. Her näme-de bolsa, poeziýa–— terbiýeleýji bolup, ol halkyň ruhuna özüniň oňyn täsirini ýetirmeli. Şol bir sanda, poeziýa tutuş adamzada hyzmat etmegi başarmaly.

Kämilligiň ýolunda

Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa, harby gullukçylarymyzdan ylymlylygy, bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlylygyny talap edýär. Döwlet migrasiýa gullugymyzyň harby gullukçylarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň merkezi edarasynyň Okuw bölüminiň binýadynda döredilen kitaphanamyzyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplar we ata Watanymyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly diwarlyklar, gazet-žurnallar bar. Kitaphanamyz ýurdumyzyň ösüşini, özgerişini açyp görkezýän döwrebap ylham hazynasydyr. Şeýle hem bu kitaphanada taryhda öçmejek yz galdyran türkmen serkerdeleriniň gahrymançylykly ýollaryny beýan edýän birnäçe taryhy kitaplar hem bar. Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň we türkmen edebiýatynyň g

Melhemler mekany — «Mollagara»

Melhemler mekany bolan türkmen topragynda tebigatyň döreden şypaly kölleriniň hatarynda Mollagara köli hem giňden tanalýar. Häzirki wagtda bu kölüň boýunda adybir şypahana hereket edýär. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Mollagara» şypahanasyna tebigy şertleri, mineral suwy üçin dürli ýaşdaky raýatlarymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu günki günde döwrüň iň kämil tehnologiýalarynyň we lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, şypahana gelýän raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmek üçin döwrebap şertleriň döredilýändiginiň görkezijisidir. Irki döwürlerden bäri Balkan welaýaty özüniň täsin tebigaty bilen köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Sebitiň täsinlikleriniň biri hem Mollagara kölüdir. Kölüň esasy aýratynlygy başga bir ýerden gelip guýýan hiç hili akabasynyň ýoklugyna garamazdan, eýsem, tutuş ýylyň dowamynda belli bir derejede saklanýanlygydyr. Onuň ýokary derejede minerallaşan şor suwy hlorly, natrili, magnili suwlara degişlidir. Düzüminde köp mukdarda himiki elementleriň, birleşmeleriň, mikroelementleriň bolmagy şypaly suwuň melhemlik häsiýetini ýokarlandyrýar. Ýene bir täsin tarapy, bu köle giren adamyň suwuň ýüzünde saklanyp, onuň düýbüne asla çökmeýänligidir. Kölüň diňe bir şor suwy däl, eýsem, gyrmançaly palçygynyň hem bejerijilik häsiýeti bar. Gyrmançaly palçygy hem birnäçe usulda, has takygy, beden agzalaryna ýapgy görnüşinde ulanylýar.

Sardoba

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw ulgamynyň işine aýratyn üns berilýär. Bir mahallar az suwly, gurak howaly ýurt hökmünde tanalan Türkmenistan, bu günki gün bol suwuň hözirini görýär. Halkymyz üçin teşnelik diýen düşünjäniň ymykly ýat bolmagy, geljekki nesillerimiziň ol derdi hiç mahal duýmazlyklary üçin suw goruny döretmek hem häzirki döwürde döwletimiziň suw syýasatynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda bar bolan suwlary tygşytly ulanmakda howdanlar we bentler aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin, irki döwürlerden bäri daýhançylygy kesbine öwrüp, bereket tapan ata-babalarymyz suw howdanlarynyň ençemesini el zähmetleri bilen gurupdyrlar. Şolaryň biri-de sardobadyr. Sardobalar, esasan, tegelek görnüşli gurulýan hem bolsa, kähalatda olaryň inedördül görnüşleriniň duş gelýändigi baradaky maglumatlara-da gabat gelinýär.

Mukaddeslik mertebesi

Watan — biz üçin hemme zatdan eziz hem zyýada. Watan — ynsan ýüregine iň ýakyn mukaddeslik. Ol mukaddeslik köňlümiziň guwanjy, başymyzyň altyn täjidir. Watany gözüň göreji deý goramak, söýmek her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Bu hakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz şygrynda: Ilinden aýra düşen —Ah urar, ili gözlär —

Mukaddes borç

Dowam eýläp gadym Oguz kadasyn,Mukaddes serhedi goraýarys biz.Geçip pederleň mertlik ýol-ýodasyn,Mukaddes serhedi goraýarys biz. Tabşyrykda mydam durup biz hüşgär,Alysy, ýakyny synlaýas äşgär,Egin-egne berip bu gün deň-duşlar,Mukaddes serhedi goraýarys biz.

Buýsançnama

Gül Watanym — ata-baba mesgenim,Garaşsyz sen, Bitarap sen, baky sen! Sende halal duzum, ygrar-messebim, Garaşsyz sen, Bitarap sen, baky sen! Mertebäňdir ýaz deý ýaşyl Baýdagym, Sen dilimde sena bolan aýdymym, Owal-ahyr mukaddeslik saýdygym, Garaşsyz sen, Bitarap sen, baky sen!

Goňşy bagyň miwesi

Ýaş wagtlarym irden oýanardym-da, ejem bilen malkepbä sary ýola düşerdim. Günde gaýtalanýan ýagdaýdy. Häsiýeti gowudy welin, ejem sagyp bolýança, öňünde gölesini dikgerdip goýmasaň, süýtli sygrymyz teý durmazdy. Haýwan diýjeksiň welin, emma ki olam ene-dä! Onsoň niçikmi sygyr, gölesini ýalap durandyr. Arasynda yzyna gaňrylyp, ejeme-de birlaý göz aýlanam bolýardy. Saglan süýdi süzgüçde süzen ejem, soňra ony gazana guýar-da, teýine ot ýakar welin, ana, şondan soň burnuňy gyjyndyrýan üýtgeşik ys töwerege kükär. Bişen süýtden bir şakäsänem mazaly dolduryp, öňüňe äberer. Onsoň bäş-on gezek owurtlap süýdi egsersiň. Soňra iki eliň ýüzi ýaly çöregem bölägetdin, içine dograrsyň. Çörek süýdi özüne çeker. Üstesine-de süýde ezilen çörek çişip, şakäseden çykaýarly görüner. Eňegiňi galdyrman çaga işdämenligiň bilen bir çetinden gädip ugrarsyňam welin, nädip şakäsäniň düýbüne ýeteniňi duýubilseň, duý-da! Päheý-de welin, agyz suwjartmak niýetim ýok, yzyny köp nokat bilen jemläýerin...

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Ýangyç-energetika toplumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi naz

Arkadag şäheri — geljegimiziň aýdyň nusgasy

Häzirki döwürde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda binýat bolan kämil sungat eseridir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmak maksady bilen, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Beýleki gurluşygy dowam edýän desgalar ýaly, bu kärhananyň gurluşygynda hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygy, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigi bellenildi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna üns çekildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy gatnaşyklaryň täze tapgyry

Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna sarpa goýup, ezelden olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Şeýle gymmatlyklar diňe bir türkmenleriň buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä halklarynyň ünsüni hem özüne çekipdir. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurt derejesinde asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýyllarboýy gazanylan netijeli hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasynda Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Şoňa laýyklykda, guramanyň sanawlaryna gadymy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary we beýleki taryhy şahslaryň eserlerini girizmegiň hem mynasypdygy bellenilýär. Şeýle-de ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bu abraýly guramanyň kafedralary hereket edýär.

Döwrebap mümkinçilikler, guwandyryjy üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara hyzmatdaşlyk esasynda Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty syýasy, işewürlik, medeni, sport, jemgyýetçilik durmuşynyň iri merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň nyşany bolan paýtagtymyz Aşgabat iri halkara çäreleriň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işjeň hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlardaky, şol sanda sport ulgamyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek barada öňe süren teklibi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýu

Watan — pederleriň baky mirasy

Ata Watanymyz Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär, halkara abraýyny pugtalandyrýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Parahatsöýüjilikli ýörelgeler bolsa goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Ýaragly Güýçlerimiziň harby kuwwaty parahatçylyga gulluk etmäge gönükdirilendir» diýip belleýär. Munuň özi goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esaslarynyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserindäki: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýlen çuňňur many-mazmuna beslenen sözler bize bildirilen uly ynamyň nyşanydyr, Watan goragy ýaly mukaddes borjy ak ýürekden berja