Ýangyç-energetika toplumy

31 Iýul 2024
299

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary-da diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.

«Esger».