Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy gatnaşyklaryň täze tapgyry

31 Iýul 2024
136

Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna sarpa goýup, ezelden olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Şeýle gymmatlyklar diňe bir türkmenleriň buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä halklarynyň ünsüni hem özüne çekipdir. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurt derejesinde asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýyllarboýy gazanylan netijeli hyzmatdaşlyk bar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasynda Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Şoňa laýyklykda, guramanyň sanawlaryna gadymy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary we beýleki taryhy şahslaryň eserlerini girizmegiň hem mynasypdygy bellenilýär. Şeýle-de ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bu abraýly guramanyň kafedralary hereket edýär.

Ýörite habarçymyz.