Kämilligiň ýolunda

7 Awgust 2024
97

Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa, harby gullukçylarymyzdan ylymlylygy, bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlylygyny talap edýär.

Döwlet migrasiýa gullugymyzyň harby gullukçylarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň merkezi edarasynyň Okuw bölüminiň binýadynda döredilen kitaphanamyzyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplar we ata Watanymyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly diwarlyklar, gazet-žurnallar bar. Kitaphanamyz ýurdumyzyň ösüşini, özgerişini açyp görkezýän döwrebap ylham hazynasydyr. Şeýle hem bu kitaphanada taryhda öçmejek yz galdyran türkmen serkerdeleriniň gahrymançylykly ýollaryny beýan edýän birnäçe taryhy kitaplar hem bar. Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň we türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, söýgüli şahyrlarymyz Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň we beýleki şahyrlaryň hem kitaplary ürç edilip okalýar.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.