Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

31 Iýul 2024
164

Saglyk — bu ynsanyň baş baýlygydyr. Saglygyny gorap saklamak hem-de berkitmek her bir adamyň öz elinde. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyz «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Saglyk — baýlyk», «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim» ýaly nakyllardyr atalar sözlerini döredipdirler. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny, belent başynyň asudalygyny gorap saklandygyny görkezýär.

Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle döwletli ýörelgeler Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly rowaçlyga eýe bolýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn sarpalanýar. Bu oňyn işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň mazmunynda aýdyň dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyz dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalarydyr ykrarnamalaryna hem mynasyp bolýar.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.