Akyldary sarpalap

24 Iýul 2024
205

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň-bilimiň ähli ugurlary bilen birlikde, türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmek meselesi hem giň gerime eýe bolýar. Hut şu esasda-da nusgawy edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek işi üstünlikli alnyp barylýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen parasatly sözleri hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Beýik söz ussadynyň goşgulary ýaşlary terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýar. Munuň şeýledigini şahyryň goşgularynyň çuňňur many-mazmunlydygy bilen düşündirmek bolar. Bu bolsa Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň nusgalyk derejede giňdigine şaýatlyk edýär. Meseläni giňişleýin häsiýetlendirip, okyjyny özüne çekýän şahyryň geçmiş bilen geljegi sazlaşdyryp ýazan goşgulary her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň edebiýatda ebedi keramata öwrülmegi hem onuň goşgularynyň üsti bilen berýän öwüt-nesihatlary bilen baglanyşyklydyr. Dana akyldar adamyň özüni yzygiderli terbiýeläp ýörmelidigini nygtap, özüňi terbiýelemekde oý-pikiriňi päklemek, niýetiňi kämil saklamak ýaly ýörelgelerden ugur almalydygyny tekrarlaýar.

Esen HAJYÝEW,
maýor.