Medeni maksatly dabaralar

31 Iýul 2024
122

Häzirki wagtda polkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çägindäki harby bölümlerde dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görýän harby gullukçylaryň ruhuny galkyndyrmak, dynç alyş günlerinde olaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen dabaraly çäreler, şeýle-de dürli mazmunly döredijilik bäsleşikleri guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda geçirilýän şeýle dabaralarda serkerdeleriň watançylyk ähmiýetli söhbetleri, esgerleriň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertlik, gaýduwsyzlyk hakyndaky şygyrlaryny okap bermekleri dabara gatnaşýan her bir harby gullukçynyň kalbynda belent watansöýüjilik duýgusy bilen şöhlelenýär.

Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylykdyr. Onuň türkmen topragynda özbaşdak döwlet gurmak baradaky taglymlary «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gürgeniň» ýaly watançylyk şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Watany mukaddeslik derejesine götermek, ony gözüň göreji deý goramak Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, döwet galamyndan çykan dürdäne kitaplarynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýip, watançylyk duýgusy hakyndaky düşünjeleri bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Şöhrat AMANOW,
maýor.