Ýaşlary terbiýelemegiň aýratynlyklary

24 Iýul 2024
360

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty durýar. Her bir döwletiň syýasatynda, ykdysadyýetinde, jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek ösüşiň möhüm şerti bolup, bu işe ýaşlaryň işjeň çekilmegi, olaryň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesliň tutýan orny aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň ornunyň näderejede uludygy bolsa garaşylýan oňyn netijeleriň gazanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Islendik ýurtda bolşy ýaly, türkmen jemgyýetinde hem ýaşlary kada-kanunlary berjaý etmek ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz perzent terbiýesine mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Halkymyzyň perzent terbiýelemek işi, beýleki halklaryňkydan tapawutlylykda, birnäçe özboluşlylyklara eýedir. Munda Watan mukaddesligi, watansöýüjilik hem-de belent ahlaklylyk ýaly düşünjeleri we häsiýetleri ýaşlaryň aňyna we ýüregine guýmaga esasy üns berlipdir.

Rahat TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.