Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary

31 Iýul 2024
115

Halkymyzyň ata-babalarymyzyň watanperwerlik, adamkärçilik, ula-kiçä hormat goýmak ýaly asylly däplerine wepaly bolup gelendigi inkär edip bolmajak taryhy hakykatdyr. Hoşniýetlilik, birek-biregiň pikirine hormat goýmak, ýagşy işleriň şowlamagy üçin agzybirlikde zähmet çekmek ýaly ýörelgeleriň gymmaty bu gün halkymyzyň durmuşynda ýaşuly nesle geňeşmek ýaly asylly edim-gylymlaryň berjaý edilmegi bilen has-da pugtalandyrylýar. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, ýakynyňa yzzat etmek, myhmanparazlyk ýaly ynsany bezeýän ajaýyp sypatlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş pelsepesidir. Ynha, şol şöhratly ýörelgeleri özüne nusga edinýän hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty bolsa, belent ynsanperwerligiň ýurt derejesindäki aýdyň ýüze çykmasyna öwrülip, kalplara buýsanç bolup dolýar.

Taryhdan belli bolşy ýaly, mundan müňlerçe ýyl ozal Oguz han atamyz bir ojagyň başynda döwre gurap, beýik döwleti dolandyrmagyň düzgünlerini sala salmak arkaly kämilleşdiripdir. Gorkut ata zamanynda türkmen begleri islendik meselede bir başa garap, agzybirlikde geňeşipdirler. Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Togrul begdir Çagry beg Beýik Seljuk döwletini döredende, Mäne baba ýaly pirleri, il-ulusy çagyryp, maslahat edip, geljekki döwletiň binýadyny gurupdyr. Bu günki gün hem Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ýurdunda bir supranyň başyna jem bolup, Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasatyna jany-teni bilen uýýan türkmen halky Halk Maslahatynda il-ýurt, döwlet ähmiýetli meselelere garaýar. Halkymyz bagtyýarlyk nuruna çaýylan ruhubelentligi bilen kalbynda beýik ynamy, egsilmez ruhy güýji hem-de geljegiň binýadyny berkden tutýar.

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň başlygy.