Mukaddes borç

24 Iýul 2024
138

Türkmen halkynyň Watana bolan belent söýgüsi milli mirasymyzdan, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerinden gözbaş alýar. Täze ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde dabaraly ýagdaýda harby kasam kabul edişlik çäreleri yzygiderli geçirilýär. 2024-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsüminde milli goşunymyza gelen ýaş esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde-de ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu dabaraly çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes harby borjy ak ýürekden berjaý etmäge gelen çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Harby kasam kabul edişlik dabarasyna esgerleriň mähriban ene-atalary we ýakynlary gelip, öz perzentleriniň Watan goragçysy bolandygyna buýsanýarlar. Täze gelen ýaş esgerler bolsa ýürekleri joşgundan, kalplary buýsançdan dolup, öz mähribanlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda harby borjy mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de konstitusion gurluşyny mertlerçe we edermenlik bilen gorajakdyklaryna, Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.

Atageldi ÖWEZOW,
kapitan.