Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde merdanalyk mekdebi

8 Maý 2024
277

Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasyna sarpa goýmak, ony çuňňur öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak ugrunda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halkynyň taryhynda we edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ady äleme dolýar. Umumynsanyýetiň ýagty geljegini, berkarar döwleti arzuwlan beýik akyldaryň şahyrana döredijiligi bu günki günde dünýä ýüzünde dabaralandyrylýar. Çünki dana Pyragynyň asyrlar aşyp gelen ajaýyp şygyrlary umumadamzat bähbitliligini we nusga alarlyk ähmiýetini şu günki günlere çenli ýitirmän geldi. XVIII asyr türkmen durmuşynyň hakykaty, taryhy we syýasy wakalar, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, Watan mukaddesligi, halka bolan yssy mähir, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy we söýgi tämizligi — bularyň hemmesi akyldar şahyryň şygyrlaryna özboluşly ýalkym çaýýar.

Häzirki döwrüň bagtyýar nesilleri Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryny özleriniň ýakyn ýardamçysy hasaplaýar. Çünki Pyragynyň şirin şygyrlary tutuşlygyna watanperwerlige ýugrulan. Watançylyk duýgusy bolsa, ähli üstünlikleriň hem rowaçlyklaryň gözbaşy. Sebäbi her kimiň Watana bolan söýgüsine görä zehin bulagy giňeýär. Bu günki merdana Watan goragçylary hem söz äleminiň serweriniň nusga alarlyk şygyrlaryny özlerine ýol-ýörelge edinýär. Çünki beýik akyldar çuňňur mana ýugrulan goşgularynda watansöýüjilik, mertlik, ynsanperwerlik, akýüreklilik, edermenlik, birsözlülik, adalatlylyk hem zähmetsöýerlik ýaly her bir Watan goragçysynda bolaýmaly adamkärçilik duýgulary dogrusynda söz açýar. Şahyryň «Mert bolmaz» diýen goşgusyndaky:

Atageldi ÖWEZOW,
kapitan.