Peder ýoly — görelde mekdebi

8 Maý 2024
266

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, merdana pederlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde Watany söýmegiň we goramagyň belent nusgasyny görkezen ömür ýollary biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekler hem beýlekiler bilen deň hatarda urşuň ilkinji günlerinden başlap, edermenlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, özleriniň gahrymançylygyny birkemsiz görkezdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaralanýan üstümizdäki ýylda Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Ýarym asyrdan-da köp wagtyň geçendigine garamazdan, urşuň ýüreklere salan yzasy henizlerem ýitenok. Adamzat taryhyna öçmez sahypa bolup giren Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň müňlerçesi mertlerçe söweşdiler, ençemesi bolsa ýeňiş bilen sag-aman ojaklaryna dolandylar.

Ogulnäzik HUMMYÝEWA,
Sarahs etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy.