Milletiň ruhunda beýik akyldaryň paýhasy

1 Maý 2024
238

Eliňize bir gysym mele topragy gysymlap, gözüňizi ýumuň! Kalbyňyzy diňleseňiz, ol size bu toprakda Hudaý ýalkan, ylahy zehinli adamlaryň ýaşandygyny, ýaşaýandygyny, ýaşajakdygyny aýdar. Gözüňizi açsaňyz, Magtymguly Pyragynyň keşbi göz öňüňizde janlanar. Ýüregi şu toprakdan ýasalan, ruhy dünýäsi şu Diýaryň keşbine muştak türkmen üçin bu hakyky bolaýmaly ýagdaý. Muňa şaýat bolan türkmeniň gözünde Watan yşky, akyldar şahyryň keşbi parlaýandyr. Bu biziň türkmendigimiziň bir alamaty...

«Magtymguly, gizlin syryň bar içde»

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.