"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

Eziz Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça biraýlygyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda maýor Mukam Akjaýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem-de edara-kärhanalarynda welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, podpolkownik Begenç Amanow hem-de şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Şamuhammet Gurbanow dagynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Süleýman GURBANALYÝEW, Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, maýor.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmen-gazak dostlugynyň täze sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde bu günki gün Türkmenistan döwletimiz dost-doganlyk menzillerinde ösüşiň belent sepgitlerini nazarlaýar, goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dostanalyga we parahatsöýüjilikli gatnaşyklara gönükdirilen hyzmatdaşlyklary barha pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen umumy we ikitaraplaýyn bähbitli şeýle gatnaşyklary alyp barýan döwletleriň biri hem, doganlyk Gazagystan Respublikasydyr. Golaýda, has takygy, 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurduň abraýyna täsir edýän beýik işlere dahylly bolmak paýy seniňem ykbalyňa mertebe eçilýär. Bu, ilkinji nobatda, ynsanyň duýgy hem-de pikir taýdan ösmegine, netijede bolsa, onuň şahsyýetiniň görnetin kämilleşmegine getirýär. Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde şeýle döwletli saparyň düzüminde bolmak bagty bizde hem şeýle täsin duýgulary döredip, ata Watanymyza bolan söýgini, Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza

Durnukly ykdysady ösüş

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, has takygy, sentýabr aýynyň 10-11-ine ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň hem-de serginiň guralmagy baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň täsirini has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini nygtap, milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Arkadagyň ak ýoly bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bedew bady bilen barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy baradaky aladalardan gözbaş alýandygyny ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar, alnyp barylýan durmuş ugurly işler aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda nebit-gaz, aragatnaşyk, elektrik, ulag geçiriji desgalaryny işe girizmek we badalga bermek dabaralary hem ýokarda aýdanlarymyza buýsançly mysaldyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ak ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen-owgan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

Iki halkyň gatnaşyklary bakydyr

Bu uly dabaraly çäre ähli çarwadar halkly döwletlere degişli. Biziň bilşimiz ýaly, bu beýik döwletler adamzat üçin köp täzelik getiripdir. Çarwadarlar döwri, esasan, medeniýetiň, söwda aragatnaşygynyň ösüp-özgeren döwri bolupdyr. Çarwa durmuşynda ýaşan ýurtlaryň çäginden Beýik Ýüpek ýoly hem geçipdir. Merkezi Aziýa döwletleriniň halklaryna biz dogan diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki biziň gelip çykyşymyz, köklerimiz bir, medeniýetimiz, taryhymyz örän meňzeşdir. Sebäbi biz çarwadarlar barada söz açanymyzda, olaryň medeniýeti barada aýtmak islänimizde, ilki bilen, Merkezi Aziýa halklaryny göz öňüne getirýäris. Çarwadarlaryň oýunlary barada gürrüň etmeli bolsa, onda bu oýunlaryň edil öňki döwürlerde bolşy ýaly, ýörgünli, şeýle-de döwrebap görnüşde dowam edýändigini buýsanç bilen aýtmalydyr. Bu gün gadymy medeniýetler gaýtadan dikeldilýär. Şeýlelikde, doganlyk halklar bilen birlikde, siz — türkmenleriň hem gatnaşmagyňyzda halklarymyzyň bitewi medeniýeti has-da jebisleşýär. Biziň gatnaşyklarymyz diňe bir syýasy, medeniýet ýa söwda ugurlaryna degişli bolman, eýsem, dost-doganlyk babatda hem barha berkeýär.

Watansöýüjiligiň sarsmaz binýady

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde bu mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady esasynda, döwrebap toplumlarda bu düzümleriň harby gullukçylary üçin iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen edara we okuw binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň hünär ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda sanly tehnologiýalary we enjamlary dolandyrmagyň endiklerini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Bir kitaba jemlenen ömür pelsepesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ählisi durmuş ähmiýetli, adamzat bähbitli we durky bilen ynsanperwerlige ýugrulandyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly edebi-filosofiki eseri türkmen halkynyň geçen taryhy ýollaryny, ýeten belent sepgitlerini we milli ýörelgeleriniň ählisini özünde jemleýär. Bu kitap, her bir okyjy üçin düşnükliligi we many çuňňurlygy bilen gymmatlydyr. Her bir ynsan kitap gatlaryna nazar salyp, geçmişiň tejribesini öwrenýär. Kitap asyrlarboýy adamzadyň kämillik çeşmesidir. Ynsanyň kämilligi okan kitaplaryndan, olaryň many gönezliginden iki esse artyk paýhasy döredermiş. Gahryman Arkadagymyz hem durmuş pelsepesiniň many maňzyny, aýratyn-da, ynsan ömrüniň hikmetini «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde aýdyň açyp görkezýär. Bu kitap, adamzat jemgyýeti üçin ýaşaýyş dogrusyndaky ruhy gymmatlyklary giňden beýan edip, bütin halkyň, hususan-da, türkmen ýaşlarynyň ýankitabyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk — kalbymyza ylham berýän ruhy ganat

Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy halkymyzy baky bagta ýetirdi. Hut şonuň üçin halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Biz golaýlap gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny joşgun hem ruhubelentlik bilen garşylamaga taýýarlanýarys. Bu senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we aýdyň maksatly ýörelgeleri bilen utgaşýar. Häzirki günlerde Diýarymyzyň ähli künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Merdana Watan goragçylary hem bu şanly toýy öz mynasyp sowgatlary bilen garşylaýarlar. Şeýle baýramçylyk çäreleri polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde, harby ýörişe gatnaşýan harby gullukçylaryň gatnaşmagynda hem uly dabaralara beslenip geçirilýär. Ýürekleri Watana bolan söýgüden pürepür Watan goragçylary dabaraly harby ýörişiň taýýarlygyna hyjuwly hem-de yhlasly gatnaşýarlar. Geçirilýän türgenleşikleriň dowamynda nyzam taýýarlykda hem-de harby tertip-düzgüni berjaý etmekde aýratyn tapawutlanýan harby gullukçylar ýokary serkerdeleriň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýarlar. Şeýle harby gullukçylardan dabaraly ýörişiň asmana atyjylar batalýonyndan kiçi seržant Allaýar Gündogdyýew, mo

Röwşen geljegimiziň nurly çyragy

Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilde eziz Watanymyza, merdana halkymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy buýsançly beýan etmek, ýokary depginli ösüşleri, belent üstünlikleri has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda ýokary derejede bellenilip geçildi. Täze okuw ýylynda okuwçylardyr talyp ýaşlaryň ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri üçin olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmek degişli ýolbaşçylaryň öňünde baş wezipe hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramak hem bilim işgärleri

Mertler meýdanda belli

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga çagyrylan ýaş esgerler bilen söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan okuw sapaklary ýokary derejede geçirilip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik merkezinde başlangyç ot atyş gönükmesi ýerine ýetirildi. Türgenleşikde Agakerwen Abdyýew, Merdan Agalyýew, Kuwwat Daňatarow, Meýlis Şahmyradow, Daýanç Mämmetnyýazow, Ödemyrat Annaýew, Kuwwat Kakamyradow dagy nyşanlary dürs urmagy başaryp, ezberliklerini görkezdiler. Olara şahsy düzümiň gatnaşmagynda harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Watançylyk terbiýesi

Watana guwanmak, ony söýüp, gözüň göreji ýaly aýamak mukaddes borçdur. Edermen ata-babalarymyz mukaddes topragy gorap, onuň kuwwatlanmagy, şöhratlanmagy ugrunda göreşipdirler. Beýik taryhy ýoly geçen halkymyz ýeňil bolmadyk synaglara döz gelip, özbaşdak ýurt, döwlet bolmagyň arzuwynda ýaşapdyr. 1991-nji ýylyň güýzünde halkymyz arzyly Garaşsyzlygyna eýe boldy. Watanymyz Garaşsyzlygyny alanyndan sanlyja aýdan soň, ýurduň polat galasy — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döredildi. Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Gysga döwrüň içinde ýaş türkmen döwleti özüni bütin dünýä tanatdy we ykdysady üstünlikleri bilen ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu gün bolsa ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitleri nazarlaýar. Gerçek ata-babalarymyzyň watansöýüjilikli ýörelgelerini dabaralandyrýan döwlet Baştutanymyz ene topragyň mukaddesligi, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly gorap saklamalydygy hakynda öz çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýar.

Nyzam taýýarlygynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Şahsy düzümiň düzgün-tertibini gazanmakda nyzam taýýarlygynyň aýratyn orny bardyr. Ol esgerlerde ykjamlylygy, yhlaslylygy, çydamlylygy, serkerdä tabyn bolmak endiklerini terbiýeleýär. Esgerlere özüni harbylarça alyp barmagy, harby lybasy dogry geýmegi öwredýär. Nyzam taýýarlygy boýunça okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi esgerlerde tertip-düzgüniň ýokary derejesini emele getirýär. Nyzam düzgünnamasynyň talaplarynyň sazlaşykly, dürs ýerine ýetirilmegi esgerlerde arassa, gelşikli, tertipli bolmaga, hereketleriniň sazlaşykly bolmagyna höwes döredýär, olaryň özüne ynamyny, şahsy düzümiň jebisligine we bütewüligine bolan buýsanjyny ösdürýär. Serhet gullugynyň şertlerinde tertiplilik, nyzama tiz we dogry durmak her bir serhetçi esgeriň şahsy tertipliligini ösdürmek arkaly gazanylýar. Nyzam taýýarlygynda fiziki alamatlaryň agdyklyk edýändigi sebäpli, ol serhetçi esgerden onuň manysyna we maksadyna çuňňur düşünmegi talap edýär. Şonuň üçin serkerdeler esgerlere nyzam taýýarlygynyň söweşjeň taýýarlykdaky ornuny we ähmiýetini yzygiderli düşündirmelidirler.

Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler tutuşlaýyn raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýörite düzülen meýilnama esasynda ýurdumyzda geçirilýän bu çäre ýol-hereket howpsuzlygynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine hyzmat edýär. Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň dürli pudaklary bilen bir hatarda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň düzümindäki Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary hem işjeň gatnaşýarlar. Has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny ündemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri bilen bilelikde ýokary we orta mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan işleri, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy üpjün edýän kämil daşary syýasaty geçirilýän her bir çäräniň döwrebap derejede berjaý edilmegine ýar

Kitaba söýgi – Watana söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde, Serhet gullugynda harby bilimi ösdürmekde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, şeýle hem şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, döredijilik-hünär ussatlygyny ýüze çykarmakda netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda şahsy düzümiň bilimini artdyrmak, kitaba söýgi döretmek maksady bilen, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly çeper döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar onuň şertine görä, öz döredijilik ukyplaryny görkezmek, türkmen nusgawy we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň watançylyk, gahrymançylyk temasyndan ýazan goşgularyny ýatdan aýtmak, okan kitaplarynyň mazmunyny gürrüň bermek boýunça biri-birinden has taýýarlykly we gyzykly çykyş etdiler. Bäsleşigiň ahyrynda gowy çykyş eden harby gullukçylar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Tabşyryklardan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralýan biraýlyk oňyn netijeleri berýär. Biraýlyk mynasybetli, Harby awtomobil gözegçiliginiň harby gullukçylary öz üstlerine ýüklenen wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzümi, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ulaglar bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň öňüni almak babatda çäreleri işläp düzýärler. Ýol hereket kadalarynyň bozulmalary baradaky maglumatlaryň seljerilişi we çözülişi baradaky resminamalaryň bellenen tertipde berjaý edilişine, goşundaky tehnikalaryň bellenen kadalara laýyklykda ýol resminamalarynyň dogry resmileşdirilişine gözegçilik edýärler.

Pederlerimiziň şöhratly ýollary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, ýurduň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

Ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem ýokarlandyrmak, şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletli işler amala aşyrylýar. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Il-ýurt bähbitli oňyn işler

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuna hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Bu şanly senelere barýan ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de şu döwürde ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bular barada şu ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Mejlisdäki hasabatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda mejlisde milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýe