Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy halkymyzy baky bagta ýetirdi. Hut şonuň üçin halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Biz golaýlap gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny joşgun hem ruhubelentlik bilen garşylamaga taýýarlanýarys. Bu senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we aýdyň maksatly ýörelgeleri bilen utgaşýar.
Häzirki günlerde Diýarymyzyň ähli künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Merdana Watan goragçylary hem bu şanly toýy öz mynasyp sowgatlary bilen garşylaýarlar. Şeýle baýramçylyk çäreleri polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde, harby ýörişe gatnaşýan harby gullukçylaryň gatnaşmagynda hem uly dabaralara beslenip geçirilýär. Ýürekleri Watana bolan söýgüden pürepür Watan goragçylary dabaraly harby ýörişiň taýýarlygyna hyjuwly hem-de yhlasly gatnaşýarlar. Geçirilýän türgenleşikleriň dowamynda nyzam taýýarlykda hem-de harby tertip-düzgüni berjaý etmekde aýratyn tapawutlanýan harby gullukçylar ýokary serkerdeleriň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanýarlar. Şeýle harby gullukçylardan dabaraly ýörişiň asmana atyjylar batalýonyndan kiçi seržant Allaýar Gündogdyýew, motoatyjylar batalýonyndan kiçi seržant Döwran Agaýew, uçarmanlar batalýonyndan kiçi seržant Kerim Babaýew, TGM-niň «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýonyndan kiçi seržant Alişer Mawlýanow dagyny görkezmek bolar. Dabaraly ýörişiň batalýonlarynyň arasynda bolsa motoatyjylar, tankçylar batalýonlary hem-de asmana atyjylar diwiziony türgenleşikleriň netijeleri boýunça «Göreldeli batalýonlar» diýlip yglan edilip, dabaraly ýörişiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar.