Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde gezelençde bolup, ol ýerdäki gymmatlyklary synlanyňda akyldar şahyryň ýaşan döwri, geçen durmuş ýoly bilen ýakyndan tanyş bolýarsyň. Muzeýiň binasynyň öňünde oturdylan paýhas ummanynyň ägirdi — ussat şahyryň heýkeli, daş-töweregindäki nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bolan Mätäjiniň, Keminäniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Magrupynyň, Zeliliniň heýkellerini synlap, ýurdumyzda söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan sarpanyň belentligine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.
Döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, Jemşidiň jamyna deňelýän söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini ösdürmäge mynasyp goşant goşan, berkarar döwleti arzuwlan nusgawy şahyr hem beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň ylymly-bilimli, dana şahyr bolup ýetişmeginde onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň zähmeti, görüm-göreldesi örän uludyr. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Azady öz döwrüniň ylymly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlarynyň biri bolupdyr. Onuň ussatlyk bilen ýazan «Wagzy — Azat», «Behiştnama» ýaly eserleri halkymyz üçin gymmatly mirasdyr. Magtymguly Pyragy ilkinji bilimi öz pederi Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Akyldar şahyryň: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip şygrynda nygtamagy muňa aýdyň subutnamadyr. Soňra şahyr «Idris baba», «Gögeldaş» medreselerinde okap, ylym-bilim alýar. Ol bilimini has-da artdyrmak maksady bilen Hywa gidýär. Şol döwürler Hywa Merkezi Aziýanyň iň uly ylym-bilim, medeniýet ojaklarynyň biri hökmünde tanalypdyr. Hywanyň abraýly medreseleriniň biri bolan «Şirgazy» medresesinde okap başlan şahyra ony doly tamamlamak miýesser etmeýär. Ol özüniň «Şirgazy» goşgusynda ylym ojagyna bolan sarpasyny hem-de onuň bilen hoşlaşmaly bolýandygyny şeýle setirlerde beýan edýär: