«Ynha, mawy deňiz tolkunyp ýatyr, Bir ümmülmez hyýal ýaly hamala»
Pikirlenmek üçin uzaklara seredilýär. Üstesine-de, nazarlar alysdaky nokada gezelýär. Bu, ýakyn aralyga seretmek bilen hem ýüze çykyp biler. Barybir, köpler üçin uzak aralyga seredip pikirlenmek ýagşy. Diýmek, pikirlenmäge uzak gözýetim juda oňaýly bolmaly. Bilermenleriň bellemeklerine görä, adamzadyň pikirleniş çäginiň has işjeňligini artdyrmak üçin gözýetim aralygy hem-ä daş hem-de giň bolmaly eken. Onuň üçin bolsa, elbetde, göz öňümizde deňiz janlanýar. Netijede, birinjiden-ä, ençeme ylmy açyşlardyr ajaýyp döredijilik eserlerini döretmek meýilleriniň aglabasynyň deňziň kenarynda başlanmagydyr. Ynsanyýet ähmiýetli işleriň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy, bu, eýýäm onuň aňasty pikirlerimizi durlaýandygyndadyr. Ikinji ähmiýeti bolsa, hemmämize-de mälim — bu onuň maddy baýlyklarydyr. Gör, islendik tarapdan seredeniňde-de, deňziň adamzat durmuşyndaky ähmiýeti örän uly. Muňa şübhe bolup bilmez. Ýene bir bellemeli zat, deňiz, kenarýaka halklaryň birek-birege bolan hormatyny pugtalandyrýar, gatnaşyklary jebisleşdirýär. Goý, ol ykdysady babatda bolsun, ýa bolmasa medeniýet we sungat ugrunda tapawudy ýok, barybir, ol halklar biri-birine goňşuçylyk goluny uzadýar. Sözüň doly manysynda, deňiz — köpri! Özi-de hem ruhy, hem-de maddy köpri. Ümzügi ilerleýän halklaryň deňiz bilen bagly durmuşy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp röwüşdäki jümlesi bar: «Altyn