"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gözleriň

Bakyp sabry-kararym Aldy, seniň gözleriň.Meni çykgynsyz oda,Saldy, seniň gözleriň. Ne apat, eý, ne apat,Galmady-la kanagat,Umyda berip ragbat,Güldi, seniň gözleriň.

Ene sözi — keramat

Maşgalanyň mukaddesligi enäniň söýgüsinde, onuň mylaýym owazly ýaňlanýan hüwdi setirlerinde jemlenýär. Şonuň üçin maşgala barada gürrüň gozgalanda, enäniň keşbi ýüregiňde janlanyp, ynsan kalbynyň owazyna öwrülen mylaýym hüwdüsi gulagyňda ýaňlanýar. Her bir zadyň, hatda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanlaryň hem serhedi bolýar. Emma ynsanyň ýüreginde özüniň mukaddesligi bilen aýratyn orun eýeleýän, hiç bir zat bilen öwezini dolduryp bolmaýan ene söýgüsiniň çägi, serhedi asla bolmaýar. Dünýädäki iň keramatly sözler ene sözünden gözbaş alýar. Çünki «Ene» diýen sözüň mähir-muhabbeti, keramatly güýji bar. Eneler maşgalanyň mizemez sütünidir. Şonuň üçin mährem enelerimiziň waspy şahyrlaryň şygyrlarynda belentde ýaňlanýar. Gözelligi dünýä nusga enelerimiziň çäksiz söýgüsini şahyr Berdinazar Hudaýnazarow «Ene we ogul» atly şygrynda şeýle beýan edýär:

Suwda ýüzmegiň saglyga täsiri

Suwda ýüzmek sportuň özboluşly bir görnüşi bolup, ol biziň ýurdumyzda-da giň meşhurlyga eýedir. Onuň aýratynlygy, suw gurşawyndaky fiziki işjeňlige baglylygy bilen tapawutlanýar. Adam bedenine fiziki maşklar we suw gurşawy täsir edýär. Suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan ýokary bolandygy üçin, adamyň bedenine agyryly ýagdaýa meňzeş duýgular berip, bu duýga garşy rahat ýagdaýda bolmaga mümkinçilik döredýär. Suwda ýüzülende onuň bedene täsiri deriniň üsti bilen başlanýar. Beden ýuwlup, deri arassalanýar, onuň iýmitlenişi we dem alşy gowulanýar. Suwuň dykyzlygyndan we basyşyndan başga-da, ýylylyk kuwwaty ýüzülýän wagtynda bedene oňat täsir edýär. Ýüregiň işini ýeňilleşdirýär, myşsalary gowşadýar we bogunlaryň işini gowulandyrýar. Suwda ýüzülende adamda köp tarapdan fiziologik üýtgeşmeler bolup geçýär.

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly. Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Berkarar döwletimiziň bedew bady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär» diýip belleýär. Şol maksat bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýyl bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, hasyl ussatlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bular barada şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň barşyn

Bereketli türkmen topragynyň nygmaty

­Ak zatlaryň ählisi adamzadyň aňyýetinde päklik, gymmatlyk ýaly düşünjeler bilen bilelikde ýaşaýar. Galyberse-de, ol ynsan arzuwlaryny sypatlandyrýan häsiýetdir. Megerem, «Ak bugdaý» diýilmeginiň hem aýratyn ähmiýeti şu jähetden ugur alýan bolsa gerek. Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň üstümizdäki ýylda boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri hakyndaky hoş habar tutuş ilimize buşluk habary bolup ýaýrady. Watan harmanyna ýygnalan galla hasylynyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Galla — bu baýlyk. Ol her bir döwletiň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm serişdeleriň biridir. Obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygid

Bagtyýar çagalar — Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan edermen gallaçylarymyz bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Merdana gallaçy daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bu bolsa gallaçy daýhanlaryň döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikden peýdalanyp, ýurdumyzyň durnukly ösmegi ugrunda öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny görkezýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet üstünlikleri mynasybetli 12-nji iýulda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar özleri hakynda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Alkyş sözleri aýdyldy

Ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Bu dabarada eginlerine harby lybasy geýip, harby durmuşa gadam basan ýaş esgerler ýaşyl Tugumyza togap edip, buýsanç bilen kasam kabul etdiler. Ýaş esgerleriň buýsançly gutlag sözleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Gutlaglaryň esasy mazmunynda merdana Watan goragçylarynyň mynasyp derejede harby gullugy alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikleri, ajaýyp şertleri döredýän hormatly Prezidentimize aýdylan alkyş sözleri özüniň mynasyp ornuny tapdy. ***

Dünýä nusgalyk seýilgäh

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna medeni gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň maý aýynda ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda açylmagy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Harby talyplar gezelenjiň dowamynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň esasy ýodasynyň ugrunda jahanyň çar ýanynda umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän eserleri döredip, sungat dünýäsinde öçmejek yz goýan ussatlaryň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagynyň halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyna göz ýetirdiler. Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, bu seýilgähe geleniňde özüňi ruhubelent we joşgunly duýýarsyň. Seýilgähde Şota Rustaweliniň, Rabindranat Tagoryň, Ýanka Kupalanyň, Wilýam Şekspiriň, Çingiz Aýtmatowyň, Ýunus Emre we Alyşir Nowaýy ýaly ägirtleriň döredijiliginden ylham alýarsyň. Mahlasy, harby talyplar medeni gezelenjiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigine

Mizemez dostana gatnaşyklar

Medeniýet ynsanyýetiň taryhynda özara gatnaşyklardaky ruhy köpri bolup hyzmat edip gelipdir. Hakykatdan-da, bu hakyndaky ajaýyp maglumatlara taryhyň sahypalaryna göz gezdirenimizde hem görmek bolýar. Bu bolsa milletimiziň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklarynyň mizemezligini alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Bilşimiz ýaly, ýakynda Pekin şäheriniň Týan Szýao teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Amaly-haşam sungatynyň, gadymy lybaslaryň, zergärçilik önümleriniň, dünýäde şöhrat gazanan türkmen halylarynyň nepisligi, özboluşlylygy sergä gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Bu gymmatlyklar ajaýyplygy, reňkleriniň we bezeg işleriniň sazlaşygy bilen halkymyzyň köptaraply zehinini alamatlandyrýar. Hususan-da, haly we haly önümleri, gadymy şaý-sepler, dürli görnüşdäki zergärçilik işleri, olaryň reňkiniň, bezeg daşlarynyň sazlaşygy, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Akyldary hormatlap

Ýakynda maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde il sylagly ýaşulularyň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şahyryň dürli temadaky şygyrlarynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli goşgularynyň uly orun tutýandygy barada aýdyldy. Wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşan harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Gülälek TAGANOWA,maýor.

Sanly ulgam Ýaragly güýçlerimiziň binýadynda

Häzirki wagtda sanly ulgam biziň gündelik durmuşymyza düýpli ornaşdy. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň ählisi diýen ýaly sanly ulgamyň hasabyna amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň hem-de programma üpjünçiliginiň herekete girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen bir hatarda, harby ugurda-da sanly ulgama geçilmegi dolandyryş babatynda düýpli özgerişleri göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu maksatnamalaýyn resminamada bellenilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan düýpli işleriň mysalynda-da görmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny barha ýokarlandyryp biljek sanly ulgamyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge gönükdirilen, uzak aralykdan dolandyrylýan, awtomatlaşdyrylan häzirki zaman ulgamlara uly üns berilýär. Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňd

Beýik akyldara bagyşlap

Öz halkyňy söýüp, beýiklige, mertebä ýetip bolýar. Dünýä nusgalyk eserleri bilen ynsanlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde, baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz keramatyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony bütin adamzat şahyryna öwren zat onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-gün hakyndaky aladasydyr. Akyldaryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky wesýetleri halkyna bolan beýik söýgüsiniň netijesidir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi giňdir. Şahyr döwrüniň ahlagyna, medeniýetine öz sesini goşan şahsyýet. Magtymguly — terbiýe mekdebi. Ol ahlak, päk söýgi, watançylyk, gahrymançylyk barada söhbet edýär. Nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, päk ahlaklylyk duýgusy esasynda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Dana Pyragy ynsan kalbyny heýjana salýan ynsanperwer şahyrdyr. Biz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde beýik akyldaryň arzuwlan eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Ynha, beýik akyldaryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşi şahyryň şygryýeti arkaly ýaşlary watançylyk, gahrym

Serhetden başlanýan gözellikler

Gadymy Merw topragyna tarap ýola düşen otly döredijilik toparymyza mukaddes ýerleriň täsinliklerini, tebigat gözelliklerini görkezmäge howlugýan ýaly öňe okdurylyp barýardy. Otlynyň aýnasyndan daş-töweregi synlap barşymyza, gijäniň asuda asmanyny ýagtyldyp süýnüp giden ýyldyza seredip, hut çagalyk ynanjym bilen arzuwlara berlenimi duýman galdym. Ençeme menzilleri söküp, welileriň mesgen tutan keramatly topragyna gelip düşdük. Bu ýere tyllaýy Günüň şugla saçyşy-da üýtgeşik. Ilerde türkmen halysyny ýatladýan sähranyň owadanlygy gözleriňi dokundyryp ýaýylyp ýatyr. Tebigatyň gözelliklerini synlap, podpolkownik Nazarhan Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine gelenimizde, döredijilik toparymyzy mähirli garşylan terbiýeçi serkerde, maýor Ýollymyrat Tomanow bize serhet birikmede harby kasam kabul edişlik dabarasynyň geçirilýändigini habar berdi. Biz begenip, göni şol ýere tarap ugradyk. Dabaraly harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirýän merdana serhetçilerimiziň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde, uzak ýoluň ýadawlygyny dessine egnimizden aýrylan ýaly boldy. Gör, bu ýatdan çykmajak bagtly pursatlar nijeme ýigitleriň durmuş kitabyna ýazylandyr?! Ata Watanyň goragyna girişýän ýigitleriň ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirip duran pursatlaryny synlanyňda, türkmen halkynyň ganynda hem ýüreginde bu mukaddes topraga bolan söýginiň beýikdigine ýene bir gez

Ezber ýetginjekler

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Ýaş halasgär» atly merkezara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynda türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, batyrlyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmek, raýat goranyşyna we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige 12 — 14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdy. Onuň şertleriniň ýerine ýetirilişine has işjeň gatnaşyp, gowy netijeleri görkezendigi üçin «Nebitçi» 1-nji, «Beýik Serdaryň nesilleri» 2-nji, «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlar guraýjylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de göçme kubok bilen sylaglandylar.

Guwandyryjy işler

Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologik işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby Mekan Nurmämmedow hem gatnaşyp, zehin başarnygyny görkezdi. Ýaş alym Mekan Nurmämmedowyň ylmy işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Dünýägözel Amanmuhammedowa ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän kanuny düzgünleri açyp görkezip, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna teklipleri bermäge uly ýardam etdi. Döwletimizde ylymly-bilimli ýaşlarymyzyň ýetişip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda goşant g

Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilýär. Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmagy bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, maksatnamalaýyn özara netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Täze taryhy eýýamda ynsanyň baş baýlygy hasaplanylýan saglygy goraýyş syýasaty işlenilip düzülen hem-de kabul edilen hukuk namalarynyň netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler

Rowaç ýollarymyzyň şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň ynsanperwer ugurlarynda dana Pyragyny halkara derejesinde wagyz etmek bilen baglanyşykly alyp barýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde biziň dünýämize ornaýar. Dana Pyragynyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň köňül kelamy bolup, ol adamzadyň durmuş ýörelgelerini salgy berýär, halkara gatnaşyklarynda, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä içre dünýä bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur saçýan Magtymguly Pyragy dünýä halklaryny bir supranyň başyna jemledi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Magtymguly» atly täze kitap neşir edildi. Täze neşiriň akyldar şahyr bilen baglanyşykly fotosuratlar bilen bezelmegi okyjyda özboluşly täsir galdyrýar.

Terbiýäniň nusgalyk ýörelgeleri

Ynsan mertebesini saklaýan we ony belende göterýän däp-dessurlar hiç wagt könelmeýär hem-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Elbetde, şol asylly däpleriň iň ähmiýetlisi hem ata-enäni hormatlamak edebidir. Durmuşda her bir ynsan öz nobatynda atadyr ene bolmaly. Has dogrusy, ata-ene perzendiň asly bolup durýar. Perzendi ekläp-saklamak, edep-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek, gör, näçe zähmeti talap edýär?! Bu zatlaryň öwezini dolmak üçin perzent bütin ömrüne ata-enesine hyzmat etmeli. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da gylyk-häsiýetiň bolşy ýaly, her bir çaganyň hem dürli gylyk-häsiýeti bolýar. Muňa garamazdan, ata-eneleriň hemmesi öz çagalaryny eý görýärler. Şonuň üçin-de perzent öz aslyna — ata-enesine hormat goýmalydyr, perzentlik borjuny berjaý etmelidir. Ata-ene, perzent gatnaşyklaryndan edilýän talaplar durmuşdan alnyp, ata-babalarymyz tarapyndan kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçip, halkymyzyň asylly däplerine öwrülipdir. Türkmenleriň perzentlik borjy hakynda gürrüň edilende, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde bu asylly ýörelge görnetin şöhlelenýär. Çünki onuň «Wagzy — Azat» atly eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borjy anyk beýan edilýär.

Ähli döwürleriň şahyry

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, özboluşly ylham bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Dana Pyragynyň arzuw eden berkarar döwleti, bagtly durmuşy bu gün hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.