Dünýä nusgalyk seýilgäh

17 Iýul 2024
207

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna medeni gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň maý aýynda ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda açylmagy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr.

Harby talyplar gezelenjiň dowamynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň esasy ýodasynyň ugrunda jahanyň çar ýanynda umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän eserleri döredip, sungat dünýäsinde öçmejek yz goýan ussatlaryň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagynyň halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyna göz ýetirdiler. Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, bu seýilgähe geleniňde özüňi ruhubelent we joşgunly duýýarsyň. Seýilgähde Şota Rustaweliniň, Rabindranat Tagoryň, Ýanka Kupalanyň, Wilýam Şekspiriň, Çingiz Aýtmatowyň, Ýunus Emre we Alyşir Nowaýy ýaly ägirtleriň döredijiliginden ylham alýarsyň. Mahlasy, harby talyplar medeni gezelenjiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigine göz ýetirdiler.

Begenç BEGENÇEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.