Harby gullugyň ýakymly pursatlary
Şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde merdana halkymyz ýurt goran gerçekleriň mertebesini belent tutupdyr, olaryň edermenligini, Watanyň öňünde bitiren hyzmatlaryny diliniň senasyna, kalbynyň aýdymyna öwrüp wasp edipdir. Bu ajaýyp ýol-ýörelge häzir hem üstünlikli dowam etdirilýär. «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyny ýerine ýetirmek üçin derwaýys işler alnyp barylýar. Bu babatda bellenen möhleti gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy dabaraly ýagdaýda geçirmek üns merkezinde saklanylýar. Şol maksat bilen ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň güýz möwsüminde harby gullugy tamamlan çagyryş boýunça harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak dabarasy aýdym-sazly çäreler bilen utgaşdyrylyp geçirilip, harby gullugyň dowamynda ak ýürekden gulluk edip, görelde görkezip, tapawutlanan çagyryş boýunça harby gullukçylara harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, şeýle-de ene-atalaryna Minnetdarlyk hatlary ugradyldy. Watan goragynda ykjam we sak durup, gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, öz mähriban ojaklaryna gaýdyp barýan h