Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ertirki günüň eýeleri bolan biz —
ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent joşguny bilen berk sazlaşygy emele getirýär.