Gadyryň bilinmegini, çeken zähmetiňe goýulýan hormaty görmek bagtlylygyň hut özi bolsa gerek. Biz hakykatdan hem çeken zähmetiňe, goý, ol kiçi bolsun, ýa-da ullakan, tapawudy ýok, şoňa deň derejede gadyrdyr hormat goýulýan döwürde ýaşaýarys. Ol döwrüň nurana ykbally ynsanlary-da, elbetde, biz — ýaşlar.
Halkymyzyň abadançylygy ugrunda amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli işler gören gözi guwandyrýar, begendirýär. Onsoň niçikmi, türkmeniň islendik müçesindäki adamyň gözlerinde bagtyýarlygyň, şadyýanlygyň alamatlary parlapjyk durandyr. Sebäbi döwrüň mümkinçilikleri her bir ildeşimiziň bagtyýar, nurana ykbalyny gülletmäge gönükdirilendir. Şol bagtyýar ykbally ýaş nesilleriň arasynda özümiň hem bardygymy duýsam, ýa hyýalymda aýlasam, niredendir bir ýerden gözümiň owasyna adyma meňzeş begenç gözýaşlary inýär. Owal bir ýerde okapdymam. Aýtmaklaryna görä, begenç gözýaşlary hiç haçan wagty bilen pytramazmyş. Has dogrusy, ol ynsanyň ýaňagynda esli wagt tegelenip durar-da, soň inmäge başlarmyş. Megerem, bir adamyň üstünlige ýetende ýüzi ýylgyryşa bürenen bolsa-da, biygtyýar esli wagt gözi ýaşdan ýaňa ýaldyrap durýandygy şondandyr.