Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle-de durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň çäklerinde serhetçi esgerlere mukaddes gulluk borçlaryny berjaý edýän döwürlerinde, harby gulluklarynyň dowamynda dürli hünärleri ele almaga giň mümkinçilikler döredildi. Olar harby gulluklaryny geçýän döwürlerinde diňe serhet gullugynyň inçe syrlaryny öwrenmek bilen çäklenmän, dürli görnüşli hünärleri-de ele alýarlar.
Berkarar Watanymyzyň mukaddes serhetlerinde sak durýan ýurt goragçylarynyň arasynda söweşjeň, beden we hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek maksady bilen dürli çärelerdir bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň kinologiýa gulluklarynyň hünärmenleriniň arasynda «Iň gowy tebil topary, yzçalyjysy, gulluk itiniň gözükdirijisi we öňbaşçysy» ady bilen geçirilen bäsleşik hem eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda serhetçileriň ýakyn ýardamçylary bolan gulluk itleriniň hem-de olaryň başöwredijileriniň arasyndan has ezberlerini ýüze çykarmakda hem-de olaryň hünär ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.