Ynama ygrarly ýaşlar

20 Noýabr 2024
241

Gözel Diýarymyzyň goýnunda doglup, erkana kemala gelip, onuň her bir garyş ýerini ýüze sylyp ýaşaýan ildeşlerimiziň ümzügi hemişe ileri. Olar asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamak bilen, bagtyýarlygyň eşretini görýärler. Bu eşretleri durmuş ýüzünde mynasyp saklamak babatynda, esasan, Watan goragçylaryna aýratyn orun degişli. Çünki polat galkan kimin mukaddes Watanymyzy goraýan ýurt goragçylarynyň kalbynda «Watan!» diýip urýan gaýduwsyz ýürek bar. Elbetde, şeýlekin mukaddes borjy egninde mertebeli röwüşde göterip ýören harby gullukçylarymyzy mynasyp derejede ruhlandyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy özenini düzýär.

Has takygy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli, ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň onlarçasy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. Olaryň arasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarydyr bagtyýar harby talyplaryň bardygy hem guwandyryjydyr. Aýratyn bellesek, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça bölümçesiniň psihology, kapitan Kamila Seýidowa, şeýle-de TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor Döwran Abdyrasulow dagy hem bar. Ady agzalanlar, hususan, biziň redaksiýamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, özleriniň harby gulluga degişli habarlarydyr dürli žanrdaky makalalary bilen gazetimiziň sahypalarynda yzygiderli çykyş edýärler. Galyberse-de, ýokarda ady agzalan institutyň harby talyby Kerimberdi Amangulyýew, TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby Joşgun Puhanow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Parahat Ataýew, şeýle-de çagyryş boýunça harby gullukçy Atajan Şamyradow dagy hem bu sanawyň yzyny ýetirýär. Olar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bilen, ýurdumyzyň Tuguna togap edip, kasam edenlerinde, Watanymyzyň goragynyň gaýduwsyz ýaşlaryň elindedigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Halkymyzyň nurana ertirleriniň goragçylaryna ak ýol arzuw edenleriň aglabasy, olara buýsançly gözleri bilen seredýärdiler. Sebäbi olar Watan topraklaryny goramak ýaly beýik ynama ygrarly ýaşlaryň öňdebaryjylarydyr.

Ýörite habarçymyz.