Alkyş sözleri aýdyldy

17 Iýul 2024
199

Ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Bu dabarada eginlerine harby lybasy geýip, harby durmuşa gadam basan ýaş esgerler ýaşyl Tugumyza togap edip, buýsanç bilen kasam kabul etdiler. Ýaş esgerleriň buýsançly gutlag sözleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Gutlaglaryň esasy mazmunynda merdana Watan goragçylarynyň mynasyp derejede harby gullugy alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikleri, ajaýyp şertleri döredýän hormatly Prezidentimize aýdylan alkyş sözleri özüniň mynasyp ornuny tapdy.

***

Kamila SEÝIDOWA,
kapitan.